Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июнь
2018

Nigeriýada gazaplylyk sebäpli kommendant sagady girizildi

0
Nigeriýanyň merkezi Plateau şatynda ýüze çykan çaknyşyklar sebäpli, hökümet gijeden daňdana çenli kommendant sagadyny girizdi.


Geçen dynç günleriniň dowamynda daýhanlar bilen ýarym-çarwa çopanlaryň arasynda dörän dawanyň gazaplylyga ýazmagy netijesinde azyndan 86 adam heläk bolupdy.


“Hökümet durnuklylygy üpjün etmek üçin, ikindin 6:00-dan daňdan 6:00-a çenli kommendant sagadyny girizdi. Polisiýanyň we beýleki hopwsuzlyk güýçleriniň hüşgärlik derejesi ýokarlandyryldy” diýip, ýerli resmileriň biri habar berdi.


Prezident Muhammadu Buhari taraplary rahatlygy saklamaga çagyrdy. Bu aralykda, harbylar we polisiýa gazaplylygy togtatmak ugrunda tagalla edýärler.


Dawa-jenjel ýer üstünde döredi. Mundan ozalky şeýle dawalarda ýüzlerçe adam heläk bolupdy.


Nigeriýa Afrikanyň iň köp ilatly ýurdy bolup, onda 186 million adam ýaşaýar.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса