Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июнь
2018

Nawalnynyň ýarany tussag edildi, ýene-de

0
Rus oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalnynyň uzak gündogardaky regional koordinatorlarynyň biri, aktiwist Wladimir Dubowskiý 15 gün türme tussaglygyndan boşadylanyndan soň, ýene-de tussag astyna alyndy.


Dubowskiý Artýom şäherindäki tussaghanadan çykyp barýan pursady, täzeden tussag edilipdir. Oňa Wkontakte sosial ulgamyndaky sahypasynda ekstremist mazmunly audio ýazgyny ýerleşdirmekde aýyplama bildirilýär.


Dubowskiniň ýaranlary onuň gijäni deslapky tussaghanada geçirjekdigini aýtdylar. Oňa çykaryljak hökümiň mundan soň belli boljagyna garaşylýar.


Dubowskiý, başga-da birnäçe aktiwist 12-nji iýunda Primorýe regionynyň paýtagty Wladiwastokda tussag edilipdi. Olaryň üçüsi, şol sanda Dubowskiý 14-15 gün aralygynda türme tussaglygyna höküm edildi. Olara polisiýa boýun bolmazlykda aýyplama bildirildi.


Eger-de, Dubowskiý soňky aýyplamalar boýunça günäli tapylsa, oňa türme tussaglygynyň hem berilmegi mümkin.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса