Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Январь
2019

'Biz bandadyrys' diýip aýdan gazak polisiýa ofiseri işden kowuldy

0
Gazagystanyň polisiýa güýçlerini "banda" diýip, žargon sözi bilen häsiýetlendiren polisiýa ofiseri işden boşadyldy. 


Gazagystanyň içeri işler ministrliginiň metbugat wekili Almas Sadubaýewiň 3-nji ýanwarda Facebook arkaly habar bermegine görä, A.R. Tastaibekow diýlip, tanadylan ofiser işden boşadylypdyr, onuň ýolbaşçysyna käýinç berlipdir.


31-nji dekabrda internetde peýda bolan wideoda polisiýa geýimli adam kanun goraýjy edaralaryň işgärlerini "banda" diýip atlandyrdy we täze ýyl bilen gutlap, olara "ýedinji arka çenli bolçulyk arzuw etdi" hem "biziň tanyşlyklarymyzdan agtyklarymyz hem peýdalansyn" diýdi.


Sadubaýewiň sözlerine görä, wideonyň awtory hasaplanýan Tastaibekow Karagandy şäheriniň polisiýa akademiýasynyň birinji kursunyň başlygynyň orunbasary.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса