Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Январь
2019

Новости за 05.01.2019

Deňiz garakçylary ýük gämisini taladylar

Azathabar.com 

Afrikanyň günbataryndaky Benin döwletiniň kenarlarynda garakçylar ýük gämisini, onuň ekipaž agzalaryny taladylar, şeýle-de sebiti terk etmezden ozal alty adamy zamun aldylar. Gäminiň üstünde 26 adamyň – 20 rusyň, dört ukrainyň we iki gürjiniň bolandygy habar berilýär. Zamun alnyp gaçylanlaryň altysynyň hem ruslardygy aýdylýar. Gämi häzir Nigeriýanyň territorial suwlarynda ýerleşýär.

NASA Rogoziniň planlaşdyrylan saparyny ýatyrdy

Azathabar.com 

NASA Russiýanyň kosmos agentliginiň başlygy Dmitriý Rogoziniň planlaşdyrylan saparyny ýatyrdy. Mundan öň, ABŞ-nyň we Ýewropa Bileleşiginiň sanksiýalaryna düşen Rogoziniň sapary bilen baglylykda tankydy makalalar çykypdy, şeýle-de ABŞ kanunçykaryjylary saparyň ýatyrylmagyna çagyryş edipdi. “NASA Russiýanyň kosmos agentligi Roskosmosa, [Rogoziniň] 2019-njy ýylyň fewralyna planlaşdyrylan saparynyň yza süýşürilendigini mälim etdi” diýip, NASA-nyň metbugat wekili çykyş etdi. Rogoziniň NASA-nyň Hýustondaky... Читать дальше...

Ýaponiýada tuna balygy $3.1 million satyldy

Azathabar.com 

Tokioda balyk bazarynyň auksionynda 278 kilogramlyk tuna balygy rekord derejedäki baha, ýagny 336.6 million ýene ($3.1 million) satyldy. Her kilogramy 1.2 million ýene bahalanan tuna balygy Ýaponiýanyň Honşu adasynyň demirgazygynda tutuldy. Täze ýylyň başynda balyk söwdegärleri we suşi tüçjarlary, yrym edip, iň gowy we iň uly balyk üçin ummasyz pul serişdelerini çykýarlar. Ýaponiýanyň tuna balygy dünýädäki restoranlarda gymmat baha hödürlenýär. Mundan öň, tuna balygy 2013-nji ýylyň auksionynda... Читать дальше...

Ukrain harby birikmesi ele salnan esgeriň şahsyýetini anyklady

Azathabar.com 

Ukrainanyň harby birikmesi ýurduň gündogarynda Russiýa tarapyndan goldanylýan separatistleriň ele geçiren ukrain esgeriniň şahsyýetini anyklanandyklaryny aýtdy. Facebookda ýerleşdirilen wideoda ele salnan esgeriň 128-nji Dag Brigadasyna degişlidigi aýdylýar. Ukrain harby birikmesi Andriý Kaçynskiýiň azatlyga goýberilmegi ugrunda çäreleri görüp başlandygyny, şeýle-de onuň separatistleriň elinde mahaly kameranyň öňünde zor bilen gürledilendigini belledi. Separatistleriň gözegçiligindäki media... Читать дальше...

Owganystanda jeňçiler ýedi ofiseri öldürdiler

Azathabar.com 

Owganystanyň günortasyndaky Gandagar welaýatynda jeňçileriň barlag-gözegçilik nokadyna eden hüjüminde howpsuzlyk güýçleriniň hataryndan ýedi gullukçy heläk boldy. Spin Bolduk etrabynda ýüze çykan hadysada başga-da dört ofiser ýaralandy. Ýerli resmiler ok atyşlykda 16 söweşijiniň öldürilendigini we 11-siniň ýaralanandygyny aýtdylar. Hüjümiň jogapkärçiligini, häzirlikçe, hiç bir topar öz üstüne almady. Soňky hadysa “Talyban” jeňçileriniň hüjümlerini ýaýbaňladan döwrüne gabat geldi. Galyberse-de... Читать дальше...

Milli simwol hökmünde türkmen halysy

Azathabar.com 

“Dünýä Türkmenleri” gepleşiginiň nobatdaky sanynda türkmen halysy, halyçylyk senedi, onuň Türkmenistanyň döwlet syýasatyndaky orny barada söhbet açylýar.


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Арина Соболенко

Соболенко сделала признание о соперничестве с Рыбакиной






Смоляне присоединились к патриотическому автопробегу «Дорогами памяти, дорогами славы»

На годовщину войны, которая не началась

Специалисты украсили фасад старейшего электродепо Москвы «Северное»

В Бишкеке на улице нашли труп мужчины, задержан подозреваемый в убийстве