Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Январь
2019

Новости за 06.01.2019

Owganystanda çöken altyn käninde 30 adam öldi

Azathabar.com 

Demirgazyk-gündogar Owganystanda altyn käninde çöken ötük netijesinde 30 adam öldi diýip, resmiler aýtdylar. 6-njy ýanwarda Badahşan welaýatynda bolan hadysada 20 adam ýaralandy diýip, ýerli polisiýanyň sözçüsi “Roýters” habar gullugyna aýtdy. Etrap gubernatory Mohammad Rustamyň AFP habar gullugyna beren gürrüňine görä, ýerli ilatyň öz güýji bilen guran altyn käni çökende adamlar şol ýerdäki derýanyň golaýyndan altyn gözlemek üçin ekskowator ulanypdyrlar.  "Oba adamlary bu iş bilen onlarça ýyl bäri meşgul bolýarlar... Читать дальше...

Magnitogorsk: Resmiler jaýlaryň köpüsiniň ýaşamaga ýaramlydygyny aýdýarlar

Azathabar.com 

Orsýetiň Magnitogorsk şäher häkimiýetleri 31-nji dekabrda bir bölegi çöken we 39 adamyň ölümine sebäp bolan ýaşaýyş jaý toplumynyň iki bölegini ýykmagy planlaşdyrýarlar.  Resmiler 6-njy ýanwarda bu toplumyň galan dokuz böleginiň ýaşamaga ýaramlydygyny aýtdylar. Ýedinji girelge Täze ýyl gijesiniň öňüsyrasynda çökdi we häkimiýetler bu hadysany tebigy gaz partlamasy hökmünde derňeýärler. Sekizinji girelgä hem zyýan ýetdi we olaryň ikisi-de ýumrular. Resmiler toplumyň beýleki böleklerindäki liftleriň... Читать дальше...

Müňlerçe wenger täze zähmet kanunyna garşy protest bildirdi

Azathabar.com 

Wenger paýtagty Budapeştde müňlerçe adam köçelere çykyp, premýer-ministr Wiktor Orbanyň sag-ganat hökümetiniň goldaýan täze zähmet kanunyna garşy protest bildirdi. Orban 20-nji dekabrda täze kanuna gol çekileli bäri gurnalan protestleri “şermendelik gykylygy” hökmünde häsiýetlendirdi we, subutnama getirmezden, dünýäniň beýleki ýerlerindäki sag-ganat liderlere mahsus bolan gylyga eýerip, olary wenger-amerikan liberaly Jorj Soros tarapyndan maliýeleşdirilmekde aýyplady. 5-nji ýanwarda oppozisiýa partiýalary... Читать дальше...

Eýran, Orsýet Kaspide bilelikde türgenleşik geçmegi planlaşdyrýar

Azathabar.com 

Orsýet we Eýran “ýakyn geljekde” Kaspi deňzinde harby-deňiz güýçleriniň bilelikdäki türgenleşik okuwlaryny geçirmegi planlaşdyrýar diýip, Eýranyň harby resmisi aýtdy. Eýranyň “Mehr” habar gullugynyň 6-njy ýanwarda kontr-admiral Hossein Khanzadi sitirläp beren maglumatyna görä, iki ýurt “taktiki, halas ediş we garakçylyga garşy uruş oýunlaryny” geçirmegi planlaşdyrýar. Şeýle-de Khanzadi “Kaspi ýakasyndaky ýurtlaryň ählisiniň” bu sebitde hazarýaka däl ýurtlaryň harbylarynyň bolmagyna garşy durýandygyny belledi.

Kandagardaky jeňçi hüjüminde serhet goragçylarynyň ýedisi öldürildi 

Azathabar.com 

Jeňçiler Owganystanyň günortasyndaky Kandagar welaýatynda barlag nokadyna hüjüm edip, ýedi serhetçini öldürdiler diýip, resmiler 5-nji ýanwarda aýtdylar. Spin Bolduk etrabynda guralan hüjümde dört serhetçi ýaralandy diýip, welaýat gubernatorynyň sözçüsi aýtdy. 4-nji ýanwar güni giçlik bolan ýaragly çaknyşykda 16 jeňçi öldürildi, 11 jeňçi ýaralandy diýip, sözçi Aziz Ahmad Azizi sözüniň üstüni ýetdirdi. Hüjümiň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç topar öz üstüne almady.

“Talyban” hökümet işgärlerini alyp gaçan güni owgan güýçleri zamunlary boşatdylar

Azathabar.com 

Owganystanyň ýörite güýçleri ýurduň günortasyndaky talyban türmesinden 12 adamy halas etdiler, jeňçiler günbatarda 15 sany hökümet işgärini alyp gaçdylar diýip, resmiler aýtdy. Ýurduň esasy aňtaw gullugy bolan Milli howpsuzlyk müdirliginiň beýanatynda aýdylmagyna görä, ýörite güýçler Helmand welaýatynyň Nahre-Saraj etrabynda talyban türmesine zabt edip, ol ýerde saklanylýan 12 zamuny halas etdi. Aňtaw agentligi “Talybanyň” baş berkitmesinde, ýurduň tirýek önümçiliginiň merkezi bolup durýan welaýatynda... Читать дальше...

Serbler Wuçiçe garşy protest bildirýär, hüjümleri bes etmek talap edilýär

Azathabar.com 

Müňlerçe adam aýazly we garly howada Belgradda ýöriş edip, serb prezidenti Aleksandar Wuýiçe garşy protest geçirdi. Olar žurnalistlere we oppozisiýa garşy hüjümleriň bes edilmegini talap edýärler. 15 müň çemesi protestçi jürlewük çalyp, “Wuçiç, ogry!” diýen şygara gygyryp, “Dönükligi togtat, Konstitusiýany gora we halkyňy golda” diýen şygarlary galgatdy. 5-nji ýanwardaky hökümete garşy protest köp hepde bäri geçirilýän bäşinji demonstrasiýa bolup durýar.  “Beta” habar agentligi kiçiräk protestleriň beýleki ýerlerde... Читать дальше...

"Bir okana, bir-de dokana"

Azathabar.com 

Bu makalada türkmen halysy, halyçylyk senedi, onuň Türkmenistanyň döwlet syýasatyndaky orny barada söhbet açylýar.


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Шнайдер вышла в третий круг турнира WTA-1000 в Риме, победив Самсонову в российском дерби






Житель Челябинской области выиграл 607 млн рублей в лотерее «Спортлото»

Синоптик Ильин спрогнозировал дальнейшие колебания температуры воздуха в столичном регионе

Россия готова увеличить квоты для студентов из Гвинеи-Бисау

Студенты СПбГУ стали Мисс и Мистер студенческих отрядов Санкт-Петербурга 2024