Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Январь
2019

Новости за 07.01.2019

Prawoslaw hristianlary Roždestwo baýramyny bellediler

Azathabar.com 

Prawoslaw hristianlary mukaddes güni garşylamak üçin 7-nji ýanwarda Moskwada, Beýtlahmde, Ierusalimde, Kairde we dünýäniň beýleki şäherlerinde ýygnanyp, Roždestwo baýramyny bellediler.

Aşgabadyň bazarlarynda alyjy azaldy; dükanlaryň gapylaryna gulp uruldy

Azathabar.com 

Aşgabadyň bazarlarynda Täze ýyl baýramynyň yz ýany, alyjylar göz-görtele azaldy. Söwdanyň pesligi sebäpli käbir satyjylar öz dükanlarynyň gapylaryna wagtlaýyn gulp urdy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy 7-nji ýanwarda habar berdi.

Rus resmisi türme gözegçileriniň “ahlak argynlygyny” başdan geçirýändiklerini aýdýar

Azathabar.com 

Orsýetdäki türme şertleriniň elhençiligi we ol ýerde adam gynamalarynyň gaýtalanmagy baradaky çekişmeler arasynda, jezalary ýerine ýetirmek boýunça federal gullugyň ýokary derejeli resmisi öz işgärleriniň pes aýlyk we tussaglar bilen gündelik duşuşyk, käte olaryň özlerine hüjüm etmegi netijesinde “ahlak argynlygyny” başdan geçirýändiklerini aýtdy. Walery Maksimenko “Interfax” habar gullugy bilen söhbetdeşlikde öz edarasynda 3 müňden gowrak psihologyň işleýändigini, olaryň 350 çemesini türme goragçylary... Читать дальше...

Türkmenistanyň okuw jaýlarynda prezidentiň portretleri täzelenýär

Azathabar.com 

Türkmenistanyň okuw jaýlarynda ýene-de prezidentiň suratlary täzelendi. Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, prezident Berdimuhamedowyň suratlarynyň täzelenmegi, hususanda Daşoguzda dynç günleriniň dowamynda amala aşyrylypdyr. "Daşoguzyň mekdeplerinde düýn prezidentiň suratlaryny çalyşdylar. Suratda ol çal saçly. Mugallymlar 5 manatdan pul tabşyrmaly boldular" diýip, türkmenistandaky habarçymyz 7-nji ýanwarda aýtdy. Onuň sözlerine görä, her bir orta mekdepde ortaça 30-40 sany otag bar. Olaryň... Читать дальше...

Talyban jeňçileri günbatar Owganystanda 21 polisiýa ofiserini we hökümet milisiýa agzasyny öldürdiler

Azathabar.com 

Talyban jeňçileri günbatar Owganystandaky howpsuzlyk berkitmelerine zabt edip, 21 polisiýa ofiserini we hökümet milisiýa agzasyyny öldürdiler diýip, resmiler 7-nji ýanwarda aýtdy. Bu hüjümler 6-njy ýanwarda giçlik, Türkmenistan bilen serhetleşýän Badhyz welaýatynyň aýry-aýary ýerlerindäki iki barlag nokadyna guraldy diýip, welaýat resmileri aýtdylar.  Badhyzyň welaýat geňeşiniň başlygy Abdul Aziz Bek 14 sany polisiýa ofiseriniň we hökümet milisiýasynyň 7 agzasynyň öldürilendigini, dokuz adamyň bolsa ýaraly bolandygyny aýtdy. Читать дальше...

ABŞ-nyň Siriýadan çykmak planyndan soň Putin bilen Erdogan duşuşar

Azathabar.com 

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin we Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan “basym” ABŞ-nyň Siriýadan goşun çykarmak planlary barada maslahatlaşmak üçin duşuşmagy planlaşdyrýar. Bu ýurtlaryň ikisiniň hem Siriýada harbylary bar.  Türkiýäniň döwlet eýeçiligindäki “Anadolu” habar gullugy 6-njy ýanwarda bu duşuşygyň, anyk wagty kesgitlenmedik hem bolsa, şu aýda bolmagyna garaşylýandygyny habar berdi. Kremliň sözçüsi Dmitriý Peskow iki lideriň “basym” gürleşmek niýetiniň bardygyny, emma entek... Читать дальше...

Türkmenistanda möhletinden öň çykyp gidenleriň ornuna parlament saýlawlary geçiriler

Azathabar.com 

31-nji martda Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň we welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň agzalarynyň ýerine saýlawlar geçiriler diýip, TDH habar berýär. Bu karara Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji we 85-nji maddalaryna laýyklykda gelindi. Baş kanuna laýyklykda, Mejlis kanunlary kabul edýär, esasy kanuna düzedişleri we goşmaçalary girizýär, döwlet býujetini tassyklaýar, ählumumy sala salyşlyklary geçirmek meselesini çözýär, prezident we parlament saýlawlaryny belleýär. Читать дальше...

Türkmenistanyň paýtagtynda we Ahalda täze agyz suwy desgalary gurlar

Azathabar.com 

Türkmen paýtagtynda weAhal welaýatyndagoşmaça suw arassalaýyş desgalaryny gurmak planlaşdyrylýar. Wise-premýer Dädebaý Amangeldiýew anna güni geçirilen hökümet maslahatynda Aşgabat şäherinde suw arassalaýjy desgalaryň gurluşygy boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi diýip, TDH habar berýär. Neşiriň maglumatyna görä, häzirki döwürde Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindesuw arassalaýjy kärhanalaryň we suw arassalaýjy desgalaryň birnäçesi hereket edýär. Resmi maglumata görä,paýtagtyň... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса