Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Январь
2019

Türkmenistan süýji-köke önümçiligini köpeldýär, garaşsyz neşir telekeçileri 'göçürmekde' aýyplaýar

0
Türkmenistan 2019-njy ýylda ýerli süýji-köke önümleriniň mukdarynyň 14 müň tonna golaý köpeldiljegini aýdýar.


Wise-premýer Çary Gylyjowyň 11-nji ýanwarda geçirilen hökümet maslahatynda beren maglumatyna görä, 2018-nji ýylda ýurtda jemi 38 müň 324 tonna süýji-köke önümleri öndürilip, şolaryň 30 müň 423 tonnasy hususy kärhanalar tarapyndan çykaryldy.


TDH-nyň ýazmagyna görä,“Hasar”, “Oguzhan”, “Bars”, “Täze aý”, “Nygmat” ýaly meşhurlyk gazanan haryt belgili önümler daşary ýurt bazarlarynda hem uly islegden peýdalanýar”. Şeýle-de neşir geçenýyl ýurda daşary ýurtlardan getirilen süýji-köke önümleriniň möçberiniň iki essä golaý azalandygyny habar berýär.


Süýji-köke önümleriniň mukdaryny artdyrmak üçin Ahal welaýatynda täze üç kärhana gurmak, ozalky kärhanalary döwrebaplaşdyrmak planlaşdyrylýar. Täze kärhanalaryň ulanylmaga berilmegi, goşmaça iş orunlarynyň döredilmegi bilen, süýji-köke önümleriniň önümçiliginiň ýylda 13 müň 800 tonna ýetmegine mümkinçilik berer diýip, habarda aýdylýar.


“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri Türkmen telewideniýesinde görkezilen süýji-köke gaplarynyň şekillerine salgylanyp, türkmen telekeçileriniň başga ýurtlarda öndürilen önümleri emelsiz gaýtalaýandygyna ünsi çekýär.


“Akpamyk” şokalady Orsýetiň “Krasnyý oktýabr” kompaniýasynyň “Alenka” şokoladyna çalymdaş, 2-li lezzet we Almeni bolsa, ABŞ-nyň “Mars” kompaniýasynyň “Twix” we Türkiýäniň “Ülker” kompaniýasynyň “Albeni” şokoladlaryny gaýtalaýar. “Köytendag” şokolady bolsa, Orsýetiň “Alpen Gold” şokoladyny ýatladýar” diýip, TH ýazýar.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса