Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Январь
2019

Rus resmileri Trampyň Moskwanyň jansyzy bolandygy baradaky maglumatlary ret etdiler

0
Ýokary derejeli rus resmileri ABŞ-nyň prezidentiniň Moskwanyň bähbitleri üçin iş alyp barandygy baradaky aýyplamalary “bolgusyz” we “samsyk” diýip atlandyryp, olary ret etdiler.


Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow ABŞ-nyň habar serişdelerinde Trampyň Russiýanyň jansyzy bolan bolmagynyň mümkindigi baradaky peýda bolan maglumatlaryň žurnalistiki standartlarynyň nä derejede pese gaçandygyny görkezýändigini öňe sürdi.


 “The New York Times” neşiriniň geçen hepde beren maglumatyna görä, 2017-nji ýylyň maýynda Trampyň Derňewler boýunça Federal Býuronyň direktory James Komeýi wezipesinden boşadyndan soň, Býuro ýörite derňewe başlapdyr.


Munuň yzy bilen, Russiýanyň ABŞ-nyň prezidentlik saýlawlaryna gatyşdy diýilýän aýyplamalary seljermek üçin ýörite geňeşçi Robert Muelleriň ýolbaşçylygyndaky derňew başlandy.


Şol bir wagtda, “The Washington Post” neşiri Trampyň Putin bilen geçiren gepleşikleriniň jikme-jiklerini ýaşyrmakçy bolandygy barada maglumat çap etdi. Aýdylmagyna görä, Tramp öz terjimeçisiniň eden belliklerini alyp, gürrüň edilen zatlar barada administrasiýanyň beýleki resmileriniň ýanynda dil ýarmazlygy tabşyrypdyr.


Tramp şu hepde çykyş edip, Russiýanyň bähbitleri üçin hereket etmändigini aýtdy.


Bu aralykda, Putiniň daşary gatnaşyklar boýunça maslahatçysy Ýuriý Uşakow hem ABŞ mediasynda Tramp barada çykan maglumatlary ret etdi.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса