Berdimuhamedow maslahat geçirdi, ýene-de
Ýeri gelende bellesek, penşenbe güni geçirilen wideokonferensiýadan bir gün öň, ýagny 16-njy ýanwarda geçirilen maslahatda hem ýurdy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň programmasynyň taslamasyny taýýarlamak meselesi ara alnyp maslahatlaşylypdy.
Şol bir wagtda, gürrüňi gidýän programmanyň öňkülerden näme bilen tapawutlanjagy aýdyňlaşdyrylmady.
TDH döwlet baştutanynyň, adatça bolşy ýaly, programmalary ylmy esasda taýýarlamagy talap edendigini we wideokonferensiýa gatnaşyjylara “birnäçe anyk tabşyryk berendigini” belleýär.
Penşenbe güni geçirilen wideokonferensiýada obasenagat toplumy, ýaşlary iş bilen üpjün etmek ýaly meselelere hem garalandygy habar berilýär.
