Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Январь
2019

Täjigistandaky gar süýşmeleri azyndan bäş adamy öldürdi

0
Şu hepde Täjigistanda gar süýşmeleri netijesinde azyndan bäş adam öldi diýip, resmiler aýtdylar.


Adatdan daşary ýagdaýlar gullugynyň sözçüsi Umeda Ýusufowa Azatlyk radiosynyň Täjik gullugyna 17-nji ýanwarda Dagly-Badahşan regionynyň Işkoşim etrabynda bolan uly gar süýşmeleriniň 64 ýaşly Azkrizobek Muzofirşoewi,onuň41 ýaşyndaky ogly Maftulbek Muzofirbekowy öldürendigini aýtdy.


Ol ýene bir adamyň agyr ýaralary sebäpli hassahana ýerleşdirilendigini sözüne goşdy.


Ýusufowanyň tassyklamagyna görä, şu hepdäniň başynda sebitde gar süýşmesi sebäpli ýene üç adam öldi, ýene iki adamyň tapylmaýandygy aýdylýar. 


Häkimiýetler bu sebitde 14-nji ýanwardan bäri bolan ýigrimiden gowrak gar süýmesi sebäpli daglyk sebitdäki uly ýollaryň ählisiniň ýapyk galýandygyny aýtdylar.

 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса