Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Январь
2019

“Talyban” Owganystanyň gündogarynda adam pidaly hüjümleri amala aşyrdy

0
Owganystanyň Maýdan Wardak welaýatynda “Talyban” jeňçileri bir harby berkitmä hüjüm etdiler.


“Talybanyň” metbugat wekili polisiýanyň türgenleşik merkezi bolup hem hyzmat edýän berktimä edilen hüjümiň jogapkärçiligini öz üstlerine aldy.


Wardak welaýatynyň ýerli resmisiniň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, hüjümde 20 töweregi adam heläk bolupdyr.


21-nji ýanwar güni ir sagat 07:00-da janyndan geçenleriň biri berkitmäniň girelgesiniň öňünde özüni partlatdy. Munundan soň, sany belli bolmadyk söweşijileriň topary hüjüme başlady.


Wardak welaýatynyň häkiminiň metbugat wekili, janyndan geçen üç hüjümçiniň özüni partlatmanka atylyp öldürilendigini mälim etdi.


20-nji ýanwarda “Talyban”  Logar welaýatynda häkimiň ulag kerwenine hüjüm edip, polisiýanyň sekiz ofiserini öldürdi, 10-syny hem ýaralady.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса