Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Январь
2019

Owganystanda “Talyban” 45 owgan esgerini öldürdi

0
Owganystanda “Talyban” jeňçileriniň paýtagt Kabulyň günbataryndaky harby baza eden hüjümi netijesinde howpsuzlyk güýçleriniň hataryndan 45 gullukçy öldi.


“Talyban” 21-nji ýanwarda Maýdan Wardak welaýatynyň paýtagt şäheri Maýdan Şahre hüjüm etdi.


Resmileriň beren maglumatyna görä, janyndan geçen hüjümçileriň biri içi partladyjyly ulagy ýaranyndan soň, üç söweşiji bazanyň içine girip, howpsuzlyk güýçleri bilen çaknyşypdyrlar.


Ok atyşykda hüjümçileriň üçüsi hem öldürildi.


“Talybanyň” metbugat wekili hüjümi jeňçi toparynyň amala aşyrandygyny mälim etdi.


Soňky hüjüm ABŞ-nyň Owganystandaky dowam edýän 17 ýyllyk urşy gepleşikleriň üsti bilen tamamlamak ugrunda alyp barýan tagallalaryna garamazdan hem amala aşyryldy.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса