Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Январь
2019

ABŞ-nyň Milli Aňtaw Strategiýasy Russiýadan, Hytaýdan abanyp biljek howplar barada duýdurýar

0
ABŞ-nyň soňky çap eden aňtaw hasabatynda Russiýanyň öz täsirini artdyrmak ugrundaky tagallalary we Hytaýyň harby pudagynyň kämilleşdirilmegi ABŞ-nyň öňünde kesirip duran howplaryň hataryndadygyny bellenilýär.


Her dört ýyldan çap bolýan Milli Aňtaw Strategiýasy hasabatynda Demirgazyk Koreýanyň ýadro ýaragyny edinmek tagallalary we global syýasy durnuksyzlygy hem abanyp biljek mümkin howplaryň hatarynda agzalýar.


Bu hasabat ABŞ-nyň 17 aňtaw gullugyna öňümizdäki dört ýyl üçin gollanma hökmünde hyzmat eder.


ABŞ-nyň Milli Aňtawlygynyň direktory Den Koats (Dan Coats) hasabat bilen ýollan hatynda “gowgaly we çylşyrymly” ýagdaýlara garşy durmak üçin Birleşen Ştatlaryň aňtaw gulluklarynyň täze şertlere ornaşmalydygyny belleýär.


“Russiýanyň öz täsirini we häkimiýetini artdyrmak ugrundaky tagallalaryny artdyrjakdygyna garaşylýar. Munuň dürli regionlarda ABŞ-nyň maskatlary we ileri tutýan bähbitleri bilen çaknyşmagy mümkin” diýlip, hasabatda bellenilýär.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса