Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Январь
2019

ABŞ-nyň wekili Katarda “Talyban” bilen duşuşdy

0
Waşington özüniň Owganystan boýunça ýörite wekiliniň şu hepde Katarda, Owganystandaky dowam edýän urşy gepleşikleriň üsti bilen çözmek ugrundaky alnyp barylýan tagallalaryň çäginde, owgan “Talybanynyň” wekilleri bilen duşuşandygyny tassyklady.


ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň beren maglumatyna görä, Zalmaý Khalilzad 22-nji ýanwarda Dohada “Talybanyň” wekilleri bilen duşuşypdyr”.


Döwlet departamentiniň metbugat wekili gepleşikleriň iki gün dowam edendigini, şeýle-de olara ABŞ-dan ýörite “edara ara toparynyň” hem gatnaşandygyny mälim etdi.


“Talybanyň” metbugat wekili Zabihullah Mujahid Khalilzad bilen jeňçi toparynyň wekilleriniň arasyndaky gepleşikleriň Dohada 21-nji ýanwarda başlanandygyny aýdyp, beýanat ýaýratdy.


Soňky gepleşikler boýunça owgan hökümeti häzirlikçe hiç hili resmi beýanat bilen çykyş etmedi.


Khalilzad “Talybany” we owgan hökümetiniň araçylaryny gepleşiklere çekmek ugrundaky tagallalarynyň çäginde, golaýda Hytaýa, Hindistana, Pakistana we Owganystana sapar edipdi. Özüniň Twitter hasabynda Khalilzad bu saparlaryň owgan parahatçylyk prosessi üçin şowly bolandygyny aýdyp ýazgy galdyrdy.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса