Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Январь
2019

Kim Trampyň hatyna “hoşallygyny” bildirdi

0
Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un, ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampdan gelen hatdan soň, özüniň “uly hoşallygyny” bildirdi diýip, Phenýanyň döwlet mediasy habar berdi.


KCNA habar agentligi Kimiň “iki ýurduň liderleriniň planlaşdyrylan ikinji sammitine “ykjam tehniki taýýarlyklary” görýändigini hem belläp geçdi.


“Kim Jong Un ‘biz prezident Trampyň paýhasyna ynanýarys, sabyrlylyk we gowy niýet bilen garaşyp, ABŞ bilen bilelikde Demirgazyk Koreýanyň we Birleşen Ştatlaryň kesgitlän sepgitlerine ýetmek ugrunda ädimme-ädim hereket edýäris’ diýip, belledi” diýip, KCNA habar berdi.


Habar agentligi Kime Trampdan hatyň gelip gowşandygyny aýtdy, emma onuň mazmuny barada hiç zat aýtmady.


Tramp sammiti fewralda geçirmegi göz öňünde tutulýandygyny aýdyp, mundan başga goşmaça maglumat bermedi.


Wýetnamyň hökümetindäki bir çeşmäniň AFP habar agentligine beren maglumatyna görä, sammiti Hanoýda  ýa-da Danangda geçirmek üçin “logistiki taýýarlyklar” görülýär. Wýetnamyň hem Waşington, hem-de Phenýang bilen gowy gatnaşyklary bar.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса