Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Январь
2019

“Talyban” azatlyga goýberilen liderini ABŞ bilen gepleşiklere çekdi

0
Geçen ýyl Pakistanda tussaglykdan azatlyga goýberilen owgan “Talybanynyň” esaslandyryjysy jeňçi toparynyň Katardaky syýasy edarasynyň başlygy wezipesine bellenildi.


Bu ABŞ-nyň Owganystandaky dowam edýän 17 ýyllyk urşy gepleşikleriň üsti bilen tamamlamak ugrundaky alyp barýan tagallalaryna gabat geldi.


“Talyban” Molla Abdul Ghani Baradaryň “Birleşen Ştatlar bilen alnyp barylýan gepleşiklere gözegçilik etmek we pugtalandyrmak” maksady bilen bu wezipä bellenendigini mälim etdi.


“Reuters” habarlar gullugynyň beren maglumatyna görä, geçen ýylyň oktabrynda tussaglykdan boşadylan Baradara syýasy topara ýolbaşçylyk etmek we degişli kararlary almak ygtyýarlygy berlipdir.


Baradar “Talybanyň” lideri Molla Haýbatullah Ahunzadanyň hem üçünji orunbasary wezipesini eýelär.


ABŞ 22-nji ýanwarda Katarda jeňçi topary bilen gepleşikleriň dowam etdirendigini aýtdy. ABŞ-nyň ýörite wekili Zalmaý Khalilzad ol ýerde "Talybanyň" wekilleri bilen gepleşikleri geçirýär.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса