Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Январь
2019

ABŞ-nyň hökümet ýapmasy azyndan häzirlikçe bes edildi

0
Birleşen Ştatlaryň taryhynda iň uzaga çeken hökümet ýapylmasy 35 günden soň, azyndan wagtlaýyn bes edildi. 


Wekiller öýi we Senat 25-nji ýanwarda çalasyn we biragyzdan ýapylan hökümet gulluklaryny 15-nji fewrala çenli maliýeleşdirmek hakyndaky kanun taslamasynyň peýdasyna ses berdi.


Prezident Donald Tramp bu kanun taslamasyna gol çekjekdigini aýtdy, ýogsa ol günorta serhet haýaty üçin hiç bir täze maliýeleşdirmäni öz içine almaýar.


Tramp Bägüller bakjasynda ýeke durup, serhet haýaty meselesiniň gün tertibinden aýrylmaýandygyny we bu meselede hökümeti ýene ýapyp biljekdigini aýtdy.


Gepleşikleriň täzeden başlanmagy bilen, Tramp olara gowşan pozisiýadan girýär. Soňky pikir soramalar hökümetiň ýapylmagynda Trampyň günäkärlenýändigini görkezdi.

 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса