Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Январь
2019

Orsýetliler Leningrad gawabynyň soňlanmagynyň 75 ýyllygyny harby parad bilen belleýär

0
Orsýetiň ikinji uly şäheri Ikinji Jahan urşunda ýüz müňlerçe asuda adamyň ölümine getiren Leningrad gabawynyň soňlanmagynyň 75 ýyllygyny belleýär.


Leningradgabawy 1941-nji ýylyň sentýabryndan 1943-nji ýylyň 27-nji ýanwaryna çenli, 872 günläp dowam etdi. Gabaw mahalynda, hasaplamalara görä, 1.2 million asuda adam açlyk-horlukdanheläk boldy.


Hasaplamalaryň dürli-dürli sanlary görkezýändigine garamazdan, ekspertler Sowet Soýuzynyň Ikinji Jahan urşunda 27 million çemesi adam ýitgisini çekendigini aýdýarlar.


Taryhy Sankt Peterburg ady dikeldilen şäherde garly howada, -18 dereje sowukda guralan harby parad gabaw döwründe wepat bolanlaryň hormatyna yglan edilen bir minut dymyşlykdan soň başlandy.


Günbatar harby okrugyň komandiri, general-polkownikAleksandr Žurawlew orsýetliler “uruşdan dolanyp gelmedikleriň we ýaralaryndan hem kesellerden ölenleriň hatyrasynay başyny egýär” diýdi.


Parada häzirki we öňki döwürleriň harby lybaslaryny geýen 2,500-den gowrak esger we kadet, şeýle-de nasistik Germaniýany ýeňmekde uly rol oýnan meşhur T-34 tanklaryny, raketa sistemalaryny, pyýada goşun maşynlaryny öz içine alýan80 sany harby tehnika gatnaşýar.


Şeýle-de paradda ýadro ýaraglaryny götermäge ukyply Iskander-M gysga aralyga ýetýän raketa sistemalary görkezildi. Orsýetiň bu ýaraglary baltika deňziniň Kalingrad sebitinde ýerledşirmegi Ýewropanyň NATO agzalarynyň gaharyny getiripdi.


Ýatlama gününden öň 5 müň çemesi adam resmileri parad geçirmek planlaryny goýbolsun etmäge çagyrýan petisiýa-arza gol çekdi.


Tankytçylar, şol sanda gabawdan aman galanlar bu çäräni ýerliksiz gylyç bulamak we harby propaganda hökmünde ýazgarýar. 

 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса