Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Январь
2019

Pakistanda polisiýa edarasyna edilen hüjümde sekiz adam öldi

0
Pakistanda polisiýa edarasyna edilen hüjümde azyndan sekiz adam, şol sanda ýedi polisiýa ofiseri öldürildi, 21-i hem ýaralandy.


Bulujystan welaýatynyň günorta-günbataryndaky Loralai şäheriniň resmileriniň beren maglumatyna görä, hüjüm täze işgärleri synagdan geçirmek üçin gurnalan çärede ýüze çykypdyr; çärä 900-e golaý dalaşgär ýygnanypdyr.


Üç hüjümçiniň ählisi awtomatiki ýaraglar bilen ýaraglanyp, olaryň bilinde janyndan geçeniň guşaklary hem bolupdyr. Hüjümçileriň ikisi özüni partlatdy, üçünjisi bolsa, howpsuzlyk güýçleri tarapyndan atylyp öldürildi.


Hüjümiň jogapkärçiligini pakistan “Talybany” öz üstüne aldy. Emma, jeňçiler başga goşmaça maglumat bermediler.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса