Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2019

Russiýa gürjüleriň deportasiýasy bilen baglylykda $11.5 million tölemeli edildi

0
Ýewropanyň Adam Hukuklary boýunça Sudy 2006-njy ýylda Russiýadan gürji raýatlarynyň köpçülikleýin ýagdaýda deportasiýa edilmegi bilen baglylykda, Moskwanyň Gürjüstana 10 million ýewro ($11.5 million) möçberinde maliýe serişdesini tölemelidigi barada höküm çykardy.


Düýbi Strasburgda ýerleşýän suduň Ýokarky Palatasynyň beren maglumatyna görä, bu maliýe serişdeleri 1 müň 500 gürjüstanla ýurtdan çykarylan mahaly çeken zyýanlarynyň öwezine tölener.


Ýokarky Palatanyň hökümi soňky bolup, ol şikaýata degişli däldir.


2014-nji ýylda Russiýada ýaşan gürji raýatlary rus resmileriniň “olary koordinirlenen ýagdaýda tussag edip, ýurtdan çykarandygy” barada şikaýat edip, Ýewropanyň Adam Hukuklary boýunça Suduna ýüz tutupdylar.


Onda gürjüleriň “eden-etdilikli” ýagdaýda ýurtdan çykarylandygy, şeýle-de munuň Ýewropanyň Adam Hukuklary boýunça Konwensiýasyna çapraz gelýändigi bellenipdi.


Gürji hökümeti 2006-njy ýylyň sentýabry we 2007-nji ýylyň ýanwary aralygynda Russiýanyň ýurtdan çykarmak boýunça 4 müň 600 hökümi çykarandygyny, şeýle-de azyndan 2 müň 300 adamy tussag edip, zor bilen deportasiýa edendigini aýdýar.


Rus resmileri gürjüleriň ýörite bir topar hökmünde nyşana alynmandygyny, şeýle-de munuň kadasyz migrasiýa we guramaçylykly jenaýata garşy göreşiň çäginde amala aşyrylan kampaniýanyň bir bölegi bolandygyny öňe sürýärler.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса