Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2019

Новости за 01.02.2019

Eýran Yslam rewolýusiýasynyň 40-njy ýyl dönümini belleýär

Azathabar.com 

Eýran Yslam rewolýusiýasynyň 40-njy ýyl dönümini belleýär. Munuň netijesinde, şa häkimiýetden çetleşdirilip, 2 müň 500 ýyllyk monarhiýa dolandyryşyna soň berlipdi. 1979-njy ýylyň 1-nji fewralyda Aýatolla Ruhollah Khomeini 14 ýyllyk bosgunlykdan soň, Fransiýadan Eýrana dolanyp gelipdi. Ol soňy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň ýokary ruhany lideri boldy. Müňlerçe adam Khomeiniň Tährandaky mawzoleýinde ýygnandy.

Russiýa gürjüleriň deportasiýasy bilen baglylykda $11.5 million tölemeli edildi

Azathabar.com 

Ýewropanyň Adam Hukuklary boýunça Sudy 2006-njy ýylda Russiýadan gürji raýatlarynyň köpçülikleýin ýagdaýda deportasiýa edilmegi bilen baglylykda, Moskwanyň Gürjüstana 10 million ýewro ($11.5 million) möçberinde maliýe serişdesini tölemelidigi barada höküm çykardy. Düýbi Strasburgda ýerleşýän suduň Ýokarky Palatasynyň beren maglumatyna görä, bu maliýe serişdeleri 1 müň 500 gürjüstanla ýurtdan çykarylan mahaly çeken zyýanlarynyň öwezine tölener. Ýokarky Palatanyň hökümi soňky bolup, ol şikaýata degişli däldir. Читать дальше...

Bir wagtlar Owganystan...

Azathabar.com 

Reňkli suratlaryň bir topary Owganystany düýbünden başgaça öwşünde görkezýär.

Facebook Eýran bilen ilteşikli 800-e golaý “galp” hasaplary öçürdi

Azathabar.com 

Facebook sosial ulgamy, dünýäniň 20 töweregi ýurdunda hilegärlik hereketlerine baş goşandygy aýdylýan, Eýran bilen ilteşikli 800-e golaý “galp we koordinirlenen” hasaplary öçürendigini mälim etdi. Dünýäniň iň iri sosial tory “betniýetli hasaplara çalym edýän” sahypalary anyklamak üçin Twitter bilen ýakyndan işleşendigini hem belledi. Facebook-yň kiberhowpsuzlyk syýasaty boýunça ýolbaşçysynyň beren maglumatyna görä, bu sahypalaryň eýeleri dünýäniň dürli ýurtlarynda, hamana, şol döwletleriň raýatlary hökmünde hasaba durup... Читать дальше...

Prokurorlar gazak aktiwistiniň “azatlygynyň çäklendirilmegini” soraýarlar

Azathabar.com 

Gazagystanyň günbataryndaky Aktau şäherinde prokuror aktiwist Aýgül Akberdiýewanyň “azatlygynyň çäklendirilmegini” sorady. Azatlygy çäklendirmek, munuň özi kazyýet tarapyndan kesgitlenen iş kesileniň azatlygyny çäklendirýän borçlary oňa ýüklemekden ybaratdyr. 39 ýaşly Akberdiýewa gadagan edilen Gazagystanyň Demokratik Saýlawy partiýasynyň sosial ulgamlaryndaky sahypalaryny ulanyp, “hökümeti güýç bilen agdarmak” çagyryşlaryny etmekde aýyplanýar. Mundan öň, onuň 45 ýaşly adamsy Ablowas Žumaýew... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса