Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2019

Новости за 12.02.2019

Aşgabat-Deli uçarynda ýolagçy aradan çykdy

Azathabar.com 

2-nji fewralda "Türkmenhowaýollarynyň" Aşgabatdan Delä barýan uçarynda ýolagçy ýogaldy.  Hindistana bejergi almak üçin barýan 1991-nji ýylda doglan türkmenabatly Hallyýew Ilaman insult sebäpli aradan çykypdyr. Bu barada Azatlyk Radiosyna Aşgabadyň halkara aeroportunyň wekili 12-nji fewralda habar berdi. Mundan öň bu hadysa barada Azatlyga Aşgabat-Deli reýsiniň ýolagçylary habar beripdi. "Aýyň ikisine Aşgabat-Deli uçarynda 23-24 ýaşly hassa oglan ýogaldy. Uçar howada 40 minut bolupdy, ol Kabulyň üstündedi. Читать дальше...

Estoniýada harby ofiser Russiýanyň haýryna içalyçylyk etmekde günäli tapyldy

Azathabar.com 

Estoniýanyň sudy ozalky harby ofiseri we onuň kakasyny Russiýanyň haýryna içalyçylyk etmekde we dönüklikde günäli tapdy. Estoniýanyň paýtagty Tallinnde geçen sud diňlenişiginde 38 ýaşly Deniss Metsawas we onuň kakasy 65 ýaşly Pýotr Wolin gizlin maglumatlary Russiýanyň harby aňtaw gullugy – GRU satmakda günäli tapyldylar. Metsawas eston armiýasynyň ozalky maýorydyr. Estoniýanyň prokuraturasynyň beren maglumatyna görä, Metsawa on ýyl töweregi Moskwany gizlin maglumatlar bilen üpjün edipdir. Ol 15,5 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Читать дальше...

Özbegistanyň howpsuzlyk gullugynyň ozalky başlygy ‘derňelýär’

Azathabar.com 

Özbegistanyň kuwwatly howpsuzlyk gullugynyň ozalky ýolbaşçysy derňelýär diýip, bu ýagdaýdan habarly çeşmeler maglumat berýärler. Mundan öň, ýagny 11-nji fewralda Özbegistanyň prezidenti Ikhtiýor Abdullaýewiň saglyk ýagdaýlary sebäpli, Döwlet Howpsuzlyk Gullugynyň başlygy wezipesinden gidendigini mälim edipdi. Prezident Şawkat Mirziýoýewiň edarasynyň ýaýradan beýanatyna görä, 52 ýaşly Abdullaýew oňurgasynda iki operasiýa geçirenden soň wezipesinden gidipdir. Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň... Читать дальше...

Pentagon Russiýanyň we Hytaýyň ABŞ-nyň kosmosdaky agalygyna howp abandyrýandygyny duýdurdy

Azathabar.com 

Pentagonyň aňtaw edarasy Russiýanyň we Hytaýyň özleşdirýän tehnologiýalarynyň ýakynda ABŞ-nyň kosmosdaky agalygyna howp abandyryp biljekdigini duýdurdy. Goranmak Aňtaw Agentligi bu barada 11-nji fewralda ýaýradan hasabatynda belleýär. Agentlik ABŞ-nyň satellitlerini sandan çykaryp biljek lazerleriň aýratyn alada döredýändigine ünsi çekdi. Şeýle-de, agentlik Moskwanyň we Pekiniň kosmosdan gözegçilik etmäge ukyply tehnologiýalary işläp düzendiklerini hem mälim etdi.

Gazak aktiwistini aklan sudýa wezipesinden boşadyldy

Azathabar.com 

Gazagystanda oppozisiýa aktiwistini aklan suduň baş sudýasy wezipesinden boşadyldy. Gazagystanyň günbataryndaky Mangistau regional sudunyň beren maglumatyna görä, Malik Kenžaliýew şahsy gurluşygyndaky işçilere zähmet haklaryny doly derejede tölemän, olaryň hukuklaryny bozupdyr. Bu hem öz gezeginde sudýanyň çetleşdirilmegine sebäp bolupdyr. Kenžaliýew özüniň syýasy matlaplar bilen wezipesinden aýrylandygyny aýdyp, regional sudy, Milli Howpsuzlyk Komitetini we polisiýa işgärlerini özüne we kärdeşlerine basyş etmekde aýyplady. Читать дальше...

Nýu-Delide myhmanhana ot aldy, 17 adam öldi

Azathabar.com 

Hindistanyň paýtagty Nýu-Delide bir myhmanhananyň ot almagy netijesinde azyndan 17 adam öldi. Ýerli polisiýa resmileri paýtagtyň günbatarynda ýüze çykan hadysada başga-da azyndan dört adamyň ýaralanandygyny habar berdiler. Ýangyn söndürijiler bäş gatly myhmanhananyň içindäki 35 adamyň ewakuasiýa edilendigini mälim etdiler. Ýangynyň sebäpleri seljerilýär. Hindistanda howpsuzlyk şertleriniň talaba laýyk berjaý edilmeýändigi sebäpli, ýangyn hadysalary ýygy-ýygydan ýüze çykýar.


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Андрей Рублёв

В России назвали подвигом победу Рублева на "Мастерсе" из-за болезни






В Московском зоопарке уличного кота сняли с дерева в вольере с волками

Отбор красивых девушек пройдет перед финалом Кубка России по футболу. Объявлены требования и финансовые условия

Politico: Пентагон принял решение о полном выводе военных США из Нигера

Историческая реконструкция боев прошла в Дмитровском округе