Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2019

Новости за 18.02.2019

Habarlar gündeligi

Azathabar.com 

Türkmenistandaky we halkara arenasyndaky soňky möhüm wakalar we meseleler barada ýörite informasion-habarlar programma. Bu programmada soňky möhüm wakalar we meseleler barada giňişleýin maglumatlar berilýär.

Habarlar gündeligi – 18-nji fewral, 2019 ý.

Azathabar.com 

Bu günki programmamyzda: Aşgabadyň polisiýasy aýallaryň sürüjilik şahadatnamasyny elinden alýar; Berdimuhamedow öý haýwanlary üçin hassahana gurmagy teklip edýär we beýleki täzelikleri diňläp bilersiňiz.

Aşgabadyň polisiýasy aýallaryň sürüjilik şahadatnamasyny elinden alýar

Azathabar.com 

Aşgabadyň polisiýasy aýallaryň sürüp barýan awtoulaglaryny barlaýar we dürli bahanalar bilen olaryň sürüjilik şahadatnamasyny ellerinden alýar, diýip Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary 18-nji fewralda habar berdiler.  Olaryň sözlerine görä, şu günler paýtagtyň köçelerinde awtoulaglaryň barlanmagy köpçülikleýin häsiýetde amala aşyrylýar. Polisiýa awtoulaglaryň köpüsini saklaýar, emma aýallara has berk daraýar.  "Şu gün tutuş şäherde irden bäri polisiýa dur. Ähli ulaglary saklaýarlar, emma ilkinji nobatda aýalaryň sürüp barýan ulaglaryny. Читать дальше...

Gallaçy kärendeçiler mineral dökün üpjünçiliginden şikaýat edýär

Azathabar.com 

Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň Parahat we Azatlyk daýhan birleşiklerinden birnäçe gallaçy kärendeçi Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy bilen gürrüňdeş bolup, özleriniň mineral dökün üpjünçiligi bilen bagly duçar bolýan kynçylyklary barada gürrüň berdiler.

MMA boýunça türkmen türgeni ACA çempiony boldy

Azathabar.com 

Garyşyk söweş tärleri, ýagny MMA boýunça türkmenistanly türgen Döwletjan Ýagşymyradow Absolute Championship Akhmat (ACA) ligasynyň 93 kilograma çenli, ýarym-agyr agram derejesiniň çempiony boldy. Warşawada geçirilen ACA-92 turniriniň çägindäki duşuşykda 29 ýaşly türkmen türgeni dördünji raundda 39 ýaşly polşaly Karol Selinskini tehniki nokaut bilen ýeňdi. Ýagşymyradow bu assosasiýada 2017-nji ýylda çykyş edip başlady. Ol şondan bäri geçiren bäş duşuşygynyň ählisinde ýeňiş gazanmagy başardy.

Owgan prezidenti Aşgabada sapar eder

Azathabar.com 

Owganystanyň prezidenti şu hepdäniň dowamynda Türkmenistana resmi sapar bilen geler. Anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Aşraf Ganiniň etjek saparyna görülýän taýýarlyklar barada hasabat berildi. Emma, saparyň anyk senesi barada hiç zat aýdylmady. Häzirki wagtda Türkmenistanyň we Owganystanyň gatnaşmagynda iki sany iri halkara proýekti amala aşyrylýar. Türkmenistan uzynlygy 1814 kilometrlik TOPH gazgeçiriji proýekti arkaly Owganystanyň üstünden Pakistana we Hindistana... Читать дальше...

Pakistan Hindistandaky ilçisini çagyrdy

Azathabar.com 

Pakistan özüniň Hindistandaky ilçisini konsultasiýalar üçin yzyna çagyrdy. Bu ýadro ýaragyna eýe iki goňşy döwletiň arasyndaky dartgynlylyklaryň ýitileşen döwrüne gabat geldi. Mundan öň, biri-birinden aýry iki hüjümde Hindistanyň ýarym-harby güýçleriniň we esgerleriniň onlarçasy öldürilipdi. 18-nji fewralda ir bilen Hindistanyň dolandyrýan Kaşmir sebitinde jeňçiler bilen ýüze çykan çaknyşykda azyndan dört hindi esgeri, şol sanda ýokary derejeli ofiser öldürildi. Hindi mediasynyň maglumatyna görä... Читать дальше...

“Talyban” Pakistandaky gepleşikleri yza süýşürdi

Azathabar.com 

“Talyban” Pakistanda geçirmegi planlaşdyrylan parahatçylyk gepleşikleriniň nobatdaky tapgyryny ýatyrdy. Jeňçi topary muňa öz wekilleriniň aglabasynyň, ABŞ-nyň we BMG-niň sanksiýalary sebäpli, Pakistana aşyp bilmejekdikleri bilen düşündirdi. Bu baradaky beýanat 17-nji fewralda ýaýradyldy. Duşuşyk 18-nji fewrala planlaşdyrylyp, onuň dowamynda jeňçi toparynyň Pakistanyň premýer-ministri Imran Khan bilen duşuşygy hem göz öňünde tutulypdy. Beýanatda başga goşmaça maglumat berilmedi. Beýanatdan birnäçe sagat öň... Читать дальше...

Liwiýada alnyp gaçylan tunisly nebit işgärleri azat edildi

Azathabar.com 

Liwiýanyň paýtagtynyň eteginde alnyp gaçylan 14 tunisly nebit işgäri azat edildi diýip, Tunisiň hökümeti mälim etdi. Maglumata görä, tussaglykda üç gün saklanan işgärler öten gije azat edilipdirler. Olaryň ýagdaýlarynyň kadalydygy aýdylýar. Tunisiň daşary işler ministri özüniň liwiýaly kärdeşine telefon edip, Liwiýanyň bütewi hökümetiniň işgärleri azat etmek ugrundaky tagallalaryna minnetdarlygyny bildirdi. 14-nji fewralda ýaraglylaryň bir topary Tripoliniň etegindäki Zaiwa şäherinde nebit işgärleriniň awtobusyny duruzyp... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Стефанос Циципас

Греческий теннисист Стефанос Циципас поблагодарил мать за советское воспитание






Бойца ММА Исламова отправили в СИЗО до 24 июня

112: водитель Рахматшох Курбонов вышел в рейс после 20-часовой смены

Потянуло на родину: российские миллиардеры стали начали возвращать свои капиталы в РФ

Житель Индии похитил девочку, ее удалось спасти спустя сутки