Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2019

Türkiýede ABŞ konsullygyny ok tutmakda güman edilýän aýal tussag edildi

0
Dört ýyla ýyla golaý ozal Stambulda ABŞ-nyň konsulhanasyna ýaragly hüjüm etmekde güman edilýän aýal türk howpsuzlyk güçýçleri tarapyndan tussag edildi. Aşa çepçi jeňçi toparyň agzasy bolan Hatije Kiliç Stambulyň Awçylar etrabynda tussag edildi diýip, ýerli gubernatoryň edarasy 2-nji fewralda aýtdy.


2015-nji ýylyň awgustynda bolan hüjümde iki aýal konsulhanany oka tutdy. Olaryň biri şol wagt tussag edildi, emma beýlekisi – Kiliç gaçyp gutuldy. Onuň gizlenýän ýeri barada maglumat berene 1.5 million lira ($290,000) möçberinde baýrak goýuldy.


Şol wagt bu hüjümiň arkasynda ABŞ we Türkiýe tarapyndan terrorçy gurama hasaplanylýan toparyň - Rewolýision Halk azat ediş goşuny-Front (DHKP-C) diýilýäniň durandygy aýdyldy.


Bu topar ABŞ Ýakyn Gündogaryň we dünýäniň “ganym duşmany” diýýär.

 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса