Fransiýanyň “Sary keltekçe” protestleri 12-nji hepde dowam edýär
Bu hereketiň gowşamak alamatlarynyň görnendigine we prezident Emmanuel Makronyň goldawynyň güýçlenmegine garamazdan, Fransiýanyň beýleki şäherlerinde hem kiçiräk protetsler gurnaldy.
Protestçiler ozalky ýörişlere mahalynda ýaralanan ýoldaşlaryna sylag-hormat bildirdiler we polisiýanyň pitnä gözegçilik üçin rezin oklary ulanmagyny ýazgaryp çykyş etdiler. Köpçülige kontrollyk etmekde ulanylýan garpma-garşylykly ýarag Ýewropanyň köp ýurdunda gadagan.
Hökümet noýabr aýynda başlanan protestlerden bäri 1 müň çemesi polisiýa ofiseriniň, 1700 demonastrasiýaçynyň ýaralanandygyny aýdýar.
12 hepde bäri dowam edýän protestler ýurtda ýangyç salgydynyň ýokarlandyrylmagyna garşy demonstrasiýalardan başlanyp, oppozisiýa tarapyndan Makronyň hökümetine garşy rewolýusiýa derejesinde giňeldildi.
Içeri işler ministrligi 2-nji fewraldaky protestçileriň garşysyna ýurt boýunça 80 müň howsuzlyk işgäriniň çykarylandygyny, olaryň 5müň çemesiniň Parižde ýerleşdirilendigini aýtdy.
