Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2019

ABŞ-nyň Senaty Trampyň Siriýadan, Owganystandan goşuny çykarmak baradaky kararyna garşylyk görkezýär

0
Birleşen Ştatlaryň Senaty ABŞ-nyň Siriýadaky we Owganystandaky goşunlaryny çykarmak barada prezident Donald Trampyň çykaran kararyna garşylyk görkezýän simwoliki çäräni kabul etdi.


4-nji fewralda kabul edilen çäre yslamçy söweşiji toparlaryň heniz hem Birleşen Ştatlara howp abandyrýandygyny nygtaýan zerur bolmadyk düzedişdi.


Tramp ABŞ-nyň Respublikan partiýasyndan bolup, respublikanlar Birleşen Ştatlaryň Kongresiniň ýokary palatasyna kontrollyk edýär. Kabul edilen bu düzediş, ABŞ-nyň daşary syýasatyna degişli möhüm mesele boýunça Kongresiň ýokary palatasy bilen Senatyň arasyndaky agzalalygyň esasy alamaty boldy.


70-26 belgili düzedişde Sriýadaky we Owganystandaky “Yslam döwleti” we “Al-Kaýda” toparlaryna garşy öňe gidişligiň gazanylandygy aýdylýar.


Ýöne şol bir wagtda-da, onda goşunyň “örän çalt çykarylmagynyň” regiony durnuksyzlaşdyryp biljekdigi we Eýran ýa-da Russiýa tarapyndan doldurylyp bilinjek boşlugy döredip biljekdigi hem bellenilýär.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса