Orsýet türmesinde bolan gozgalaňda 20 tussag aýralandy
Bu uruş 8-nji fewralda, Samaradaky türmede nahar wagtynda turdy diýip, resmiler aýtdy.
Metbugat maglumatlarynda türmedäki gozgalaň mahalynda düşekleriň we ýorganlaryň oda berlendigi habar berilýär.
Türme resmileri 20 tussagyň ýaralanandygyny, olaryň 17-siniň medisina bejergisini almaly bolandygyny aýtdylar.
Bu hadysadan soň türmedäki howpsuzlyk şertleri berkidildi.Orsýet türme şertleriniň ýaramazlygy, tussaglara ýowuz daralýandygyüçin tankyt edilýär.
