Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2019

Onlarça gazak enesi Almatyda hökümet kömegini talap edýär

0
Ýangynda bir maşgaladan ölen bäş çaga sebäpli ýurt möçberinde turan protestleriň fonunda onlarça gazak enesi Almatydaky şäher geňeşiniň binasynda ýerli resmiler duşuşdy.


4-nji fewralda üç aýlykdan 13 ýaş aralygynda bolan bäş gyzyň ölümine getiren hadysa merkezi aziýa ýurduny sarsdyrdy. Bäş çaga Astanadaky horaşaja jaýda ýanyp ölen wagtynda olaryň ene-atasy gijeki tapgyrda işleýän eken. 


Protestçiler 8-nji fewralda şäher geňeşiniň binasynyň daşynda toplanyp, hökümetiň birden köp çagaly aýallara kömek bermegini, şol sanda düzüwli jaý we has kän sosial ýardam bilen üpjün etmegini talap etdiler.


Ol aýallar şäher häkimiýetleri bilen duşuşyk üçin binanyň içine çagyryldylar. Olar bu çakylygy kabul etdiler. Emma häkimiýetler Azatlygyň habarçylarynyň bu gepleşiklere gatnaşmak haýyşlaryny ret etdiler. 


Bu hili protestler soňky günlerde Gazagystanyň beýleki şäherlerinde hem boldy.

 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса