Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2019

Gazak aktiwistini aklan sudýa wezipesinden boşadyldy

0
Gazagystanda oppozisiýa aktiwistini aklan suduň baş sudýasy wezipesinden boşadyldy.


Gazagystanyň günbataryndaky Mangistau regional sudunyň beren maglumatyna görä, Malik Kenžaliýew şahsy gurluşygyndaky işçilere zähmet haklaryny doly derejede tölemän, olaryň hukuklaryny bozupdyr. Bu hem öz gezeginde sudýanyň çetleşdirilmegine sebäp bolupdyr.


Kenžaliýew özüniň syýasy matlaplar bilen wezipesinden aýrylandygyny aýdyp, regional sudy, Milli Howpsuzlyk Komitetini we polisiýa işgärlerini özüne we kärdeşlerine basyş etmekde aýyplady.


Kenžaliýew Facebook hasabynda ýerleşdiren wideosynda Aýgül Akberdiýewanyň aklanmagyndan soň, wezipesinden çetleşdirilendigini belledi. Akberdiýewa sosial torlarynda ýerleşdiren maglumatlary üçin aýyplanypdy.


Kenžaliýew Aktau şäherinde polisiýanyň metbugat ýygnagyny geçirmäge rugsat bermändigini hem aýtdy.


Kenžaliýew adam hukuklaryny goraýjy toparlara, Ýewropa Bileleşigine, ABŞ-a we Kanada ýüzlenip, özüne we kärdeşlerine ýardam bermäge çagyrdy.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса