Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2019

Owganystanda 'wezipesini biknanun ulanan' saýlaw resmileri derňelýär

0
Owgan häkimiýetleri iki sany saýlaw komissiýasynyň geçen ýyldaky umumy saýlawlar mahalynda öz ygtyýarlyklaryny bikanun ulanandyklary barada aýdylýanlaryň derňelip başlanandygyny aýtdylar.


Ýurduň Baş prokuraturasynyň edarasy 12-njy fewral güni giçlik, Garaşsyz saýlaw komissiýasynyň we Garaşsyz saýlaw şikaýatlary komissiýasynyň 12 işgäriniň ählisi wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplanyp işden boşadylandan soň, derňewiň aýylandygyny yglan etdi.


GSK-nyň ýedi, GSŞK-nyp bäş işgäri ýurtdan hem çykmasyz edildi diýip, Baş prokuraturanyň beýanatynda aýdylýar. 


Saýlaw resmileri oktýabrda geçirilen parlament saýlawlaryndan soň netijesizlikde, şol sanda saýlaw materiallarynyň hem ýeterlik bolmazlygynda berk tankyt edildi. Bu saýlawlardan soň 15 welaýatyň ählisiniň gutarnykly netijelerihenize çenli yglan edilmedi. 


Bu çäre ýurduň iýul aýyna bellenen prezident saýlawlarynyň öňüsyrasynda görülýär.

 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса