Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2019

Täjik gümrükçileri baptist hristiýanlarynyň 5 müň kalendaryny otladylar

0
Täjigistanyň Gümrük Gullugy Baptist kilisesi tarapyndan sargalan 5 müň sany ýewangel hristiýan kalendarlarynyň konfiskasiýa edilendigini we soňy bilen ýakylandygyny tassyklady.


Gümrük resmisiniň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, kalendarlar dekabrda Duşenbäniň Halkara Aeroportynda ele salnypdyr we soňy bilen-de otlanypdyr.


Gümrük resmisi kalendarlarda “başga diniň propogandasynyň” bolandygyny aýtdy.


Täjigistanyň ýewangel hristiýan baptistleriniň Kilisesiniň wekilleriniň beren maglumatyna görä, täjik resmileri olara 4 müň somoni, ýagny $420 möçberinde pul jerimesini hem salypdyrlar.


Täjigistanyň 2009-njy ýylda kabul eden din baradaky kanunyna görä, ýurtda yslamyň Hanafi akymyna artykmaçlyk berilýär. Kanun beýleki dinleriň wagyz edilmegini gadagan edýär.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса