Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2019

Eýran Ýakyn Gündogar ýurtlary bilen işleşmäge taýýardygyny aýdýar

0
Eýranyň prezidenti Hassan Rohani Tähranyň Ýakyn Gündogardaky ýurtlaryň ählisi bilen gatnaşyklary gowulandyrmak isleýändigini aýtdy. Eýran bu sebitde Saud Arabystany bilen ýyllarboýy proksi gapma-garşylykda durýar.


"Eýran regional döwletler bilen Ýakyn Gündogarda howpsuzlygy gorap saklamak üçin işleşmäge taýýar” diýip, Rohani 17-nji fewralda Bandere-Gonaweh şäherinde sözlän sözünde aýtdy. 


RohaniBirleşen Ştatlary we Ysraýyly “eýranlylaryň arasyna agzalalyk salmaga” çalyşmakda aýyplady we Eýranyň “Amerikanyň we Ysraýylyň basyşlaryna ýan bermejekdigini” aýtdy.


Bir-birine ganym duşman bolan Eýran we Saud Arabystany Siriýadaky we Ýemendäki uruşlarda gapma-garşylykly taraplarda durýar.


Saud Arabystany prezident Donald Trampyň Birleşen Ştatlary Eýran bilen dünýä döwletleriniň arasynda baglaşylan ýadro ylalaşygyndan çykarmak ugrundaky tagallalaryny ikelläp goldady.


Eýran özüniň, ABŞ-nyň sanksiýalaryna jogap edip, beýleki ýurtlaryň Aýlak arkaly satýan nebitleriniň ýoluny baglamak üçin harby çäre görüp biljekdigini aýdyp, haýbat atdy. 


ABŞ resmileri, Tähranyň halkara suw ýollaryna girýän Hormuz aýlagyna kontrollyk edip bilmejegini belläp, bu haýbatyň boşdugyny aýtdylar.

 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса