Litwanyň baş diplomaty: ÝB-niň Russiýa garşy girizen sanksiýalary “käte juda kiçi, käte-de gaty giç”
Linkewiçius bu barada Brýusselde Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda belledi. Brýusselde ÝB-niň daşary işler ministrleri Ukrainadaky ýagdaýlary maslahat edýärler.
ÝB Russiýanyň 2014-nji ýylda Ukrainanyň Krym ýarymadasyny basyp alanyndan, şeýle-de ýurduň gündogaryndaky separatistlere goldaw berip başlanyndan soň, Moskwa garşy sanksiýalary girizipdi.
Russiýanyň bank we energiýa pudaklaryna gönükdirilen sanksiýalaryň möhleti şondan bäri her alty aýdan uzaldylyp gelinýär.
