Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2019

Türkmenistanly aýal Hindistanda, ýol hadysasynda öldi

0
Hindistanyň paýtagty Nýu-Delide uly tizlikde gelýän “Bentley Bentayga” awtomobili 18-nji fewralda türkmenistanly üç aýaly alyp gelýän awtorikşa gelip uranda, 51 ýaşyndaky aýal wakanyň bolan ýerinde jan berdi. Hindi mediasy beýleki iki ýolgaçynyň we sürüjiniň ýaralanandygyny habar berýär. 


“Bentli” maşynynyň sürüjisi, 19 ýaşyndaky Asees Singh Çadha, ozalky alkogol tüçjary, 2012-nji ýylda bolan atyşykda öz dogany bilen bilelikde  öldürilen Ponty Çadhanyň ýegeni bolup, polisiýa tarapyndan maşyny ýokary tizlikde sürmekde aýyplanyp, tussag edildi. 


Polisiýa ofiseri Jagdiş Beniwal onuň maşynynyň swetoforda gyzyl çyrada duran rikşany kakandygyny, maşynyň töwereginiň gara gana boýalandygyny we özüniň “Tiz kömek” maşynyny çagyrandygyny gürrüň berdi.


Beniwaly sözlerine görä, Asees Sing Çadhanyň maşyny şeýle uly tizlikde gelýän wagty ony goraýan polisiýa işgärlerin hem yzyndan gelýän eken. 

 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса