Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2019

ABŞ Siriýadan goşun çykarylandan soň ol ýerde 200 sany 'parahatçylyk esgeriniň' galjagyny aýdýar

0
Birleşen Ştatlar Siriýada, ol ýerdäki esasy harby güýçlerini çykaranyndan soň, wagtlaýyn azyndan 200 sany “parahatçylyk esgerini” galdyrjakdygyny aýtdy.


“200 çemesi parahatçylyk esgerinden ybarat kiçi topar Siriýada belli bir döwre çenli saklanar” diýip, Ak tamyň sözçüsi Sarah Sanders 24-nji fewralda aýtdy.


Prezident Donald Tramp dekabrda Siriýadaky 2000 amerikan esgeriniň ählisini ol ýerden çykarjakdygyny aýdyp, ABŞ kanun çykaryjylaryny we halkara ýaranlaryny geň galdyrdy. Prezident “Yslam döwleti” ekstremist toparynyň pitneçileriniň ýeňlendigini aýdyp, olaryň indi ol ýerde saklanmagynyň gereginiň ýokdugyny aýtdy. 


Tramp bu gyssanmaç çykyş plany üçin respublikanlar, demokratlar, käbir daşary ýurt resmileri tarapyndan tankyt edildi. Olaryň köpüsi bu planyň kürt ýaranlaryny türkleriň eline galdyrjakdygyny, ýeňşi bolsa Orsýet bilen Eýrana berjekdigini aýtdy.

 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса