Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2019

Hindistanda bikanun öndürilen alkogolly içgini içen 69 adam öldi

0
Hindistanyň demirgazyk-gündogaryndaky Assam ştatynda bikanun öndürilen alkogolly içgini içen adamlaryň 69-sy öldi, 200 çemesi bolsa hassahana ýerleşdirildi diýip, resmiler 23-nji fewralda aýtdylar.


Hindistanda alkogolly içgileri içip, heläk bolýanadamlaryň sany azalmaýar. Iki hepdeden hem az wagt öň demirgazyk Hindistanda 100-den gowrak adam zaýalanan alkogolly içgiden heläk boldy.


"Her 10 minutda biz dürli ýerlerde bolýan häläkçilikler barada habar alýarys. Şu wagta çenli 200 çemesi adam hassahana ýerleşdirildi we olaryň köpüsi agyr ýagdaýda” diýip, Assamyň saglyk ministri Himanta Biswa Sarma “Roýters” habar gullugyna telefon arakly aýtdy.


Hindistanda ýerli şertlerde öndürilýän alkogolly içgilerden ölýän adam kän, sebäbi köp adam düzüwli şertlerde öndürilen içgileri satyn alyp bilmeýär.


Günbatar Bengalda 2011-nji ýylda alkogolly içgiden172 adam öldi.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса