Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2019

Eýran suwasty gämiden ganatly raketa atmagy üstünlikli synag etdi

0
Eýran Hormuz bogazynda geçirilen ýyllyk harby-deňiz maşklary mahalynda  suwasty gämiden ganatly raketa atmagy ilkinji gezek üstünlikli synag etdi diýip, döwlet mediasy habar berdi.


24-nji fewraldaky raketa synagy Birleşen Ştatlar bilen ýitileşen dartgynlygyň arasynda geçirildi. Eýran ozal uly nebit gatnawynyň ugrunda, Pars aýlagynyň agzynda ýerleşýän Hormuz bogazyny, ABŞ-nyň duşmançylykly hereketlerine jogap hökmünde, baglamak haýbatyny atdy. 


Resmi IRNA habar gullugy EýranyňGhadir klasly harby-deňiz suwasty gämisiniň 24-nji fewralda ganatly raketany üstünlikli atmagy başarandygyny habar berdi. Emma habarda raketanyň ýetýän aralygy aýdylmady. 


IRNA Eýranyň beýleki suwasty gämileriniň – Taregiň we ýurt içinde öndürilentäze Fateh gämisiniň şeýle kuwwatlyklara eýedigini aýtdy.

 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса