Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2019

BMG: 2018-nji ýylda Owganystanda öldürilen asuda adamlaryň sany rekord derejä galdy

0
BMG 2018-nji ýylda Owganystanda öldürilen asuda adamlaryň sanynyň rekord derejede ýokary galandygyny aýdyp, muňa jeňçi toparlaryň janyndan geçen bombaçylarynyň gürelmeginiň we ABŞ ýobaşçylygyndaky güýçleriň urýan howa zarbalarynyň sebäp bolandygyny aýtdy.


BMG-niň Owganysatndaky kömek missiýasy (UNAMA) 24-nji fewralda çap edilen ýyllyk hasabatynda Owganystandaky konfliktde 3,804 asuda adamyň öldürilendigini, 7,189 adamyň bolsa ýaralanandygyny, munuň 2017-nji ýyldan bäri 11 prosent ýokarlanma bolýandygyny aýtdy.


Owganystandaky kömek missiýasynyň 2009-njy ýyldan bäri ýöredýän hasabyna laýyklykda, asuda adamlaryň ölümi geçen ýyl iň ýokary derejä galdy. 


Hasabatda aýdylmagyna görä, asuda adamlaryň ölüminiň 63 prosentine jeňçiler, hususan-da “Talyban” we “Yslam döwleti” topary sebäp bolupdyr.


Asuda adamlaryň 24 prosentiniň ölüminde hökümet we onuň ABŞ we NATO ýaranlary günälenýär.


Bu hasabat ABŞ we “Talyban” gepleşikçileriniň Katarda 17 ýyllyk gapma-garşylygy togtatmak üçin nobatdaky duşuşygynyň geçiriljek wagtynyň öň ýanyna gabat geldi.


BMG-niň ilçisi Tadamichi Yamamoto asuda adamlaryň öldürilmeginiň düýpden kabul ederliksizdigini aýtdy.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса