Türkmen prezidentiniň gurmagy tabşyran weterinar klinikasy üçin 220 müň manat toplanypdyr
"26-njy fewralda hasaba eýýäm 220 müň 105 manat toplandy, şeýdip, jemgyýet asylly başlangyçlary goldaýar" diýip, Türkmenistanyň döwlet metbugaty habar berdi.
Ilatdan pul toplamak işini ýurduň täsirli Senagatçylar we telekeçiler bileleşiginiň banky amala aşyrýar. 19-njy fewralda "Rysgal" banky ýörite hasap açýandygy barada bildiriş çap etdi. "Ýurdumyzyň ähli telekeçilerini we raýatlaryny bu haýyrly işe goşulmaga çagyrýarys" diýlip, bildirişde aýdyldy.
16-njy fewralda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow öýsüz haýwanlar üçin "ýörite merkezleşdirilen klinikany" we onuň ýanynda penahanany döretmek görkezmesini berdi. Türkmen prezidenti bu planlaryň durmuşa geçirilmeginiň "ruhy we ahlak taýdan" ähmiýetli boljagyna garaşýar.
"Rysgal" bankynyň prezidentiň görkezmesi boýunça guruljak weterinar klinikasyna ilatdan pul toplaýarka, döwlet metbugaty hassahananyň döwletiň hasabyna guruljagyny habar berýär.
