ABŞ, Ýewropa, Hytaý, Russiýa Hindistan bilen Pakistany parahatlygy saklamaga çagyrýarlar
Pentagonyň beren maglumatyna görä, goranmak sekretarynyň wezipesini ýerine ýetiriji Patrik Şanahan “dartgynlylygy gowşatmak, şeýle-de ýurtlaryň harby hereketlerden saklanmagy” ugrunda tagalla edýär.
ÝB-niň daşary syýasat boýunça başlygy Federika Mogherini Hindistan bilen Pakistany “sabyrlylygy” saklamaga çagyrdy.
“Munuň bu iki döwlet we region üçin howply netijeleri bolup biler” diýip, Mogherini belledi.
Pakistanyň ýakyn ýaranlarynyň biri Hytaý gazaplylygyň artmagyna “düýpli alada” bildirip, Yslamabat bilen Nýu-Deliniň “ýagdaýlaryň has-da ýaramazlaşmagynyň öňüni almak üçin öz üstlerine alan borçnamalaryny ýerine ýetirjekdiklerine” umyt edýändigini aýtdy.
Russiýa-da parahatlyga çagyryp, araçy bolmagy teklip etdi.
Iki ýurduň arasyndaky ýagdaýlar, esasan, Gimalaýlardaky dawaly Kaşmir sebiti sebäpli dartgynlaşyp başlapdy.
27-nji fewralda hem Hindistan, hem-de Pakistan birek-bireginiň uçarlaryny urup düşürendiklerini aýtdylar.
