Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2019

Новости за 29.08.2019

Täjigistanyň ÝOJ-da türkmen studentleriniň sany şu ýyl çürt-kesik azaldy

Azathabar.com 

Täjigistanyň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan türkmenistanlylaryň sany şu ýyl çürt-kesik azaldy. Täjigistanyň bilim resmileriniň mälim eden soňky sanlaryna görä, şu ýyl diňe bir Duşenbäniň pedagogika uniwersitetine Türkmenistandan diňe üç adam giripdir. Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugynyň habarçysy şu ýyl Täjigistanyň bu ýokary okuw jaýynda Türkmenistandan diňe üç okuwçynyň bilim aljagyny, geçmişde bolsa, bu ýerde türkmen abuturientleriň sanynyň 1000 adamdan köp bolandygyny belleýär. «Türkmenistanyň... Читать дальше...

Aşgabatda towuk ýumurtgasynyň, welaýatlarda unuň gytçylygy saklanýar

Azathabar.com 

Aşgabadyň döwlet dükanlarynda henizem towuk ýumurtgasynyň gytçylygy dowam edýär. Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçysynyň sözlerine görä, ýumurtga satuwda bolmasa-da, alyjylar gyt harydyň gelmegine garaşyp, dükanlaryň öňünde ýygnanmagyny dowam etdirýärler.

Rus habar agentlikleri Sentsowyň Moskwadaky türmä geçirilendigini habar berýär

Azathabar.com 

Rus habar agentlikleriniň ikisi ukrain film direktory Oleh Sentsowyň Orsýetiň Arktika regionyndan Moskwadaky tussaghana geçirilendigini habar berýär. TASS we Interfaks, ady aýdylmaýan çeşmelere salgylanyp, 29-njy awgustda Sentsowyň Ýamalo-Nenetsk awtonom etrabyndaky türmeden Moskwadaky 2-nji tussaghana, Butyrskaýa türmesine geçirilendigini habar berdi.  Bu çäre ukrain sudunyň tussagdaky rus žurnalisti Krill Wişinskini azat etmek barada çykaran kararynyň yz ýanyna gabat geldi.  Kiýew bilen Moskwanyň... Читать дальше...

Bolton Moldowa sapar edýär

Azathabar.com 

ABŞ-nyň milli howpsuzlyk boýunça maslahatçysy Jon Bolton (John Bolton) “howpsuzlyk ýagdaýlaryny” maslahat etmek üçin, Moldowa sapar edýär. Mundan öň, Boldan regiona amala aşyrýan saparynyň çäklerinde Ukrainada hem bolupdy. Ol Belarusa hem sapar eder. ABŞ-nyň ýokary derejeli resmilerinden soňky sapar Kişinýewa 2011-nji ýylda ozalky wise-president Joe Biden, 1994-nji ýylda ozalky döwlet sekretary Madelieine Albright sapar edipdiler. Bolton iki ýurduň liderleri bilen-de “howpsuzlyk ýagdaýlaryny” maslahat etjekdigini aýtdy. Читать дальше...

Rus oppozisiýa syýasatçysy Ýaşin ýene tussag edildi

Azathabar.com 

Russiýanyň oppozisiýa syýasatçysy Ilýa Ýaşin tertip boýunça dördünji 10 günlük tussaglyk möhletini tamamlanyndan soň, ýaňadandan tussag edildi. Ol rugsat berilmedik ýörişlere çagyrmakda we gatnaşmakda aýyplanýar. Ýaşini öňümizdäki aý Moskwanyň geňeşine geçirilmeli saýlawlara hasaba almakdan ýüz öwrüp gelýärler. Ýaşin 28-nji awgustda özüniň Facebook hasabynda gaýtadan tussag edilendigini, şeýle-de “ýene bäşinji gezek türme möhletiniň berilmeginiň mümkindigini” aýdyp, ýazgy galdyrdy. Ýaşine ilkinji... Читать дальше...

Ukrainadaky binanyň agmagy netijesinde ölenleriň sany sekize ýetdi

Azathabar.com 

Ukrainanyň günbatarynda bir ýaşaýyş jaýynyň agmagy netijesinde heläk bolanlaryň sany sekize ýetdi diýip, ýurduň Adatdan daşary ýagdaýlar gullugy 29-njy awgustda maglumat berdi. Öten agşam Lwow regionynyň Rohobyç atly şäherinde bir ýaşaýyş jaýy agypdy. Resmiler, ilki başda, hadysada bir adamyň ölendigini aýdypdylar. Lwowyň regional hökümetiniň resmileri hadysanyň gazyň syzmagy netijesinde dörän partlama sebäpli ýüze çykan bolmagynyň mümkindigini aýtdylar. Partlamada dört gatly binanyň ençeme kwartirasy weýran boldy. Читать дальше...

“Talyban” parahatçylyk ylalaşygynyň taslamasyna garaýar

Azathabar.com 

ABŞ bilen “Talyban” resmileriniň Owganystandaky 18 ýyl bäri dowam edýän urşy togtatmak boýunça taryhy ylalaşygy baglaşmagynyň mümkindigi aýdylýar. Jeňçi toparynyň liderleri Owganystan bilen Pakistanyň serhet araçäginde, anyk ýeri aýdyňlaşdyrylmadyk sebitde hödürlenýän ylalaşygyň şertlerini seljerýärler. “Talybanyň” Pakistandaky ýokary derejeli bir wekiliniň AFP agentligine beren maglumatyna görä, “Şuranyň, ýagny geňeşiň ähli wekillerine taslama gowşurylypdyr, şeýle-de olar häzir ony gözden geçirýärler”. Читать дальше...

Daşkendiň polisiýasy sakgallary zor bilen syrdyrmandygyny aýdýar

Azathabar.com 

Daşkendiň polisiýasy onlarça sakgally adamy tussag edip, soňy bilen-de sakgallaryny zor bilen syrdyrandygy baradaky maglumatlary ret etdi. Olar adamlaryň ogurlanan mobil telefonlaryny satmakda güman edilýänleri ele salmak üçin geçirilen reýdiň dowamynda tussag edilendiklerini aýtdylar. Polisiýanyň 27-nji awgust güni giçlik ýaýradan beýanatynda “Hiç kim sakgallyny syrmaga mejbur edilmedi, edilmezem” diýip, nygtalýar. Şeýle-de, onda tussag edilenleriň käbirinde sakgallaryň bolandygy, munuň bilen... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса