Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2019

Новости за 15.08.2019

Türkmenistanda azyk nyrhlary ýene ýokarlandy, haryt gytçylygy döredi

Azathabar.com 

Türkmenistanda azyk önümleriniň bahasynyň ýokarlanmagy we döwlet dükanlarynda azyk önümleriniň gytçylygyň güýçlenmegi göze ilýär. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, häzirki wagtda paýtagtda azyk önümleriniň ençemesi gymmatlapdyr, munuň bilen bir wagtda-da döwlet dükanlarynda ýumurtga, käşir, käbir welaýatlarda towuk budy satuwdan aýrylypdyr. "Dükanlarda käşir ýok, hususy dükanlarda bolsa onuň bir kilogramy 6,6 manada satylýar. Döwlet dükanlarynda ýumurtga ýok boldy, hususy dükanlarda onuň her biri 0.8 manatdan satylýar" diýip... Читать дальше...

Rus uçary gyssagly ýere gonanyndan soň 23 adam keselhana ýerleşdirildi

Azathabar.com 

“Ural howaýollary” kompaniýasyna degişli uçar Moskwanyň golaýyndaky ekerançylyk meýdanyna gyssagly gonanyndan soňra, ýaralanan 23 adam, şol sanda bäş çaga keselhana ýerleşdirildi. 15-nji awgustda agzalýan howaýollary kompaniýa özüniň Airbus A321 uçarynyň dwigateliniň, ýagny hereketlendirijisiniň içine guşlar girenden soň, onuň Moskwanyň çetindäki Žukowkiý aeroportunyň golaýynda ýerleşýän mekgejöwen meýdanyna adatdan daşary, gyssagly gonandygyny mälim etdi.  Russiýanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň... Читать дальше...

Atambaýewiň rezidensiýasyndaky çaknyşyklarda ofiseri öldürmekde güman edilýän adam tussag edildi

Azathabar.com 

Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Almazbek Atambaýewiň rezidensiýa toplumynda we onuň golaýynda bolan çaknyşyklar döwründe ýokary derejeli gyrgyz howpsuzlyk ofiserini atyp öldürmekde güman edilýän adam tussag edildi. Aradan çykan polkownik Usenbek Niýazbekowyň hossarlaryna wekilçilik edýän aklawçy Kairat Zagibaýewiň 14-nji awgustda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, şahsyýeti köpçülige mälim edilmeýän şübheli polisiýa tarapyndan ele salyndy. 7-nji awgustda Bişkegiň golaýyndaky... Читать дальше...

ABŞ eýranly üç sany hijab protestçisiniň bilelikde 55 ýyl türme tussaglygyna höküm edilmegini ýazgardy

Azathabar.com 

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti ýakynda eýranly üç zenanyň, şol sanda eje we gyzyň, Eýranda zenanlaryň hijab geýmegini borçly edýän kanuna garşy protest bildireni üçin bilelikde 55 ýyl türme tussaglygyna höküm edilmegini ýazgardy. “Biz Eýran režimini Ýasaman Arýani, Monireh Arabşahi we Mojgan Keşawarzy diňe bägülleri paýlamak arkaly ýurtda zenanlaryň hijab geýmegini borçly edýän kanuna garşy protest bildireni üçin olary 55 ýyl türme tussaglygyna höküm etmegini ýazgarýarys” diýip, 14-nji... Читать дальше...

Rus alymlary: Täze düzgünler daşary ýurtly kärdeşler bilen gatnaşyklary çäklendirer

Azathabar.com 

Alymlar Russiýanyň häkimiýetleriniň rus alymlary bilen olaryň daşary ýurtly kärdeşleriniň arasyndaky özara gatnaşygy çäklendirýän täze düzgünleri güýje girizendigini aýdýarlar. Täze çäklendirmeleriň nusgasy ilkinji gezek 13-nji awgustda, Sankt-Peterburgdaky rus alymy tarapyndan ýurduň Ylym we ýokary bilim ministrligine iberilen açyk hatda çap edildi. Matematik we programmist Aleksandr Fradkow özüniň gol goýan hatynda resmileri bu düzgünleri ýatyrmaga çagyrýar. Şeýle-de, ol onda “biziň daşary... Читать дальше...

Modi Kaşmiriň aýratyn statusynyň ýatyrylmagyny gorap çykyş etdi

Azathabar.com 

Hindi premýer-ministri Narendra Modi Kaşmiriň Hindistan tarapyndan dolandyrylýan böleginiň aýratyn statusynyň ýatyrylmagynyň regionyň “öňki şan-şöhratyny” gaýtadan dikeltjekdigini we ýurduň ösüşinde “möhüm rol” oýnajakdygyny aýtdy. 15-nji awgustda Hindistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli eden çykyşynda Modi Kaşmir bilen bagly öňki ylalaşygyň korrupsiýany, tanyşparazlygy we adalatsyzlygy öjükdirendigini hem belledi. 4-nji awgustdan bäri Kaşmiriň Hindistan tarapyndan dolandyrylýan böleginde komendant... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Анастасия Потапова вышла во второй круг турнира WTA-1000 в Риме






Акция «Гордимся героями» прошла в Балашихе

«Меня просто сшибло»: история любви с первого взгляда Федора Бондарчука и Паулины Андреевой

Президент Кубы Диас-Канель Бермудес пожелал России успехов в проведении СВО

В Мелитополе по центральной улице прошел танк Т-70 в День Победы