Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2019

Новости за 26.08.2019

"Gyrgyzystan barha beter inwestorlary gorkuzýan ýurda öwrülip barýar"

Azathabar.com 

Analitik neşir bolan Intellinews Berlinde ýerleşýär, ol aýratyn ykdysady meselelere gönükdirilipdir. Neşir Gyrgyzystan meselesine giň syn berip, ýurdan inwestorlaryň barha köp gorkýandygyna ünsi çekýär. Soňky döwürde bolup geçen ýagdaýlary, owaly bilen gyrgyz-täjik serhedindäki çaknyşygy, soňra Naryn oblastyndaky hytaý inwestorlary tarapyndan özleşdirilýän kändäki protesti, ahyrynda-da ýurduň öňki prezidenti Almazbek Atambaýewi tutmak üçin geçirilen ýörite operasiýany nazara alyp, “Gyrgyzystan... Читать дальше...

Berdimuhamedow Singapura sapar edýär

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 26-27-nji awgust aralygynda Singapura sapar edýär. Bu barada daşary işler ministri Reşit Meredow geçen anna güni geçirilen wideoşekilli maslahatynyň dowamynda mälim etdi.

Gürjüstanyň bölüniji regiony Abhaziýada Tblisiniň ýazgaran “prezident saýlawlary” geçdi

Azathabar.com 

Gürjüstanyň bölüniji regiony Abhaziýada 25-nji awgustda gürji prezidentiniň “galp” diýip atlandyran,  “prezidentlik saýlawlary” geçdi. Ýerli saýlaw resmileriniň beren maglumatyna görä, iş başyndaky separatist lider Raul Hadžimba sekiz kandidat bilen bäsleşipdir. Separatist saýlaw häkimiýetleri tutuş Abhaziýa boýunça 152 saýlaw stansiýasynda ses bermek üçin 116 müň adamyň hasaba alnandygyny aýtdylar. Russiýa Abhaziýany 2008-nji ýylda Gürjüstana garşy bolan gysga uruşdan soň garaşsyz ýurt hökmünde ykrar edipdi. Читать дальше...

Makron G7 sammitinde Amazonadaky ýangynlaryna garşy çäreleriň maslahat edilendigini aýdýar

Azathabar.com 

Dünýäniň senagatlaşan öňdebaryjy ýurtlarynyň G7 toparynyň liderleri 26-njy awgustda Fransiýanyň kenarýaka şäheri Biarritzdäki sammitini jemläp, dünýäniň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini, şol sanda Amazonanyň tropik tokaýlaryndaky ýagynlary maslahat etdiler. Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makronyň aýtmagyna görä, sammite gatnaşýan liderler “tehniki we maliýe hemaýatyny bermek” baradaky mümkin ylalaşygyň şertlerini ylalaşypdyrlar. G7 toparyna: ABŞ, Ýaponiýa, Germaniýa, Fransiýa, Italiýa, Britaniýa we Kanada girýär. Читать дальше...

Hong Kong polisiýasy öten agşamky protestlerde 36 adamy tussag etdi

Azathabar.com 

Hong Kongda öten agşamky hökümete garşy protestlerde polisiýa demonstrantlara garşy ilkinji gezek suw toplaryny ulandy; şeýle-de, azyndan bir polisiýa işgäri çaknyşyklar mahaly ýaragyny çykaryp, duýduryş okuny atdy. Aziýanyň dartgynlykdaky maliýe merkezinde geçen dynç günleriniň dowamyndaky protestlerde 65 protestçi tussag edildi. 25-nji awgustda Tsuen Wan etrabynda polisiýa bilen ýüze çykan çaknyşyklarda 36 protestçi tussag edildi. Bikanun ýagdaýda ýygnanmak, polisiýa garşylyk görkezmek aýyplamalary... Читать дальше...

Donbas konfliktinde bir ukrain esgeri öldi, başga-da üçüsi ýaralandy

Azathabar.com 

Ukrainanyň gündogaryndaky Donbas sebitinde Moskwa tarapyndan goldanylýan separatistler bilen Kiýewiň hökümet güýçleriniň arasyndaky çaknyşykda bir ukrain esgeri öldi, başga-da üçüsi ýaralandy. Harbylaryň berýän maglumatyna görä, esgerlere garşy “granatamýotlardan, mergen tüpeňlerinden, agyr we kiçi ýaraglardan” ot açylypdyr. Hadysada 20 ýaşyndaky Witaliý Sobko heläk boldy. 2014-nji ýylyň aprelinde Ukrainanyň Donetsk we Luhansk sebitlerinde Russiýa tarapynda goldanylýan separatistler ellerine ýarag alyp, hökümet güýçlerine garşy çykdylar. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Стало известно, с кем сыграет Вероника Кудерметова во втором круге турнира WTA-1000 в Риме






Заблокируют ли "Кинопоиск" и Wink в России: в чем провинились онлайн-кинотеатры

Пожарные ликвидировали возгорание на складе в Реутове

Праздничный салют в Москве 9 мая

Звукорежиссера "Москвы 24" могут наказать за речитатив во время эфира с парада