Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2020

Новости за 15.02.2020

Hepdäniň jemi #7 (15.02.2020 ý.)

Azathabar.com 

Hepdäniň esasy temalaryna gysgaça synymyzy; Ýaýlym Berdiýewiň Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri wezipesinden boşadylmagy; Hökümetiň dollaryň resmi kursuny ýokarlandyrmagy planlaşdyrýandygy baradaky reportažlary diňläp, öz pikirleriňizi aýtmaga çagyrýary

Belarus rus tranzit geçirijisinden nebiti almak bilen haýbat atýar

Azathabar.com 

Prezident Aleksandr Lukaşenka eger-de goňşy Russiýa nebiti gerekli mukdarda akdyrmasa, onda Belarusyň ýangyjy öz üstünden geçýän tranzit geçirijisinden alyp başlajakdygyny aýtdy. Bu barada döwletiň eýeçiligindäki BelTA gullugy habar berdi. Minsk bilen Moskwanyň 2020-nji ýyl üçin nebit üpjünçiliginiň şertleri boýunça ylalaşmazlyklarynyň fonunda, Russiýa ýanwardan bäri Belarusa akdyrýan nebitini çäklendirip başlady.   Belarus Russiýa ýangyç we maliýe kömegi boýunça köp derejede garaşly bolup durýar. Читать дальше...

Pompeo Ýewropanyň rus energiýasyna bolan garaşlylygyny peseltmek üçin $1 milliard hödürledi

Azathabar.com 

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo (Mike Pompeo) Merkezi we Gündogar Ýewropa ýurtlarynyň rus energiýa serişdelerine bolan garaşlylygyny peseltmek üçin, Waşingtonyň bu sebite 1 milliard dollar möçberinde maliýe serişdesini goýbermäge taýýardygyny aýtdy. Pompeo bu barada Mýuhen Howpsuzlyk Konferensiýasynyň ikinji gününiň dowamynda, 15-nji fewralda çykyş etdi. Pompeo maliýe serişdeleriniň Ýewropa Bileleşiginiň Andriatik, Baltik we Gara deňizleriniň arasyndaky 12 döwletine goýberiljekdigini aýtdy. Читать дальше...

Pekine dolananlar 14 gün karantinde saklanarlar

Azathabar.com 

Hytaýyň paýtagty Pekine dolanýan syýahatçylar 14 günläp mejbury karantinde saklanarlar. Bu hytaý resmileriniň, ýurtda 1 müň 500-den hem aşa adamyň ölümine sebäp bolan, koronawirusyň gerimini peseltmek ugrundaky tagallalarynyň çäginde amala aşyrylýar. Resmi “Beijing Daily” gazetiniň 15-nji fewralyndaky sanynda çykan maglumatda bellenmegine görä, karantine boýun bolmadyk adamlara garşy jeza çäreleri ulanylar. Emma adamlaryň nähili jezalandyryljakdygy aýdyňlaşdyrylmaýar. Şeýle-de, bu düzgüniň Pekiniň... Читать дальше...

Resmi: ABŞ, “Talyban” Owganystandaky gazaplylygy çäklendirmek boýunça ylalaşyga geldiler

Azathabar.com 

ABŞ we “Talyban” topary Owganystanda bir hepdeläp gazaplylygy togtatmak boýunça ylalaşyga geldiler diýip, Birleşen Ştatlaryň ýokary derejeli resmisi aýtdy. Ol munuň soňy bilen ABŞ harbylarynyň Owganystandan çykarylmagyna ýol açyp biljekdigini hem belledi. Mediada çykyş etmäge ygtyýarlygy bolmadyk resmi bu barada anonimlik şertinde Mýunhende geçýän howpsuzlyk konferensiýasynyň çäginde, 14-nji fewralda žurnalistlere gürrüň berdi. Ol ýedi günüň dowamynda gazaplylykdan el çekmek ylalaşygynyň “ýakyn wagtda” durmuşa geçjekdigini aýtdy. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Рафаэль Надаль

Теннисист Надаль навестил в больнице 16-летнюю российскую теннисистку Корнееву






В Кузбасс с рабочим визитом прибыл Валерий Гергиев

Собянин рассказал о планах по развитию туризма в столице до 2030 года

Москва обвинила США в неприкрытом давлении на третьи страны за связи с РФ

В России выпустили монету с изображением памятника Перми