Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2020

Новости за 28.02.2020

“Yug-Neftegaz” Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyna $70 mln sermaýa ýatyrar

Azathabar.com 

“Yug-Neftegaz Private Limited” kompaniýasy, “Türkmennebit” döwlet konserni bilen baglaşan şertnamasyna laýyklykda, 2020-nji ýylda Türkmenistandaky proýekte $70 million sermaýa ýatyrar. Bu barada Russiýanyň Nebit-gaz hyzmatlary assosasiýasy habar berýär. Maglumata görä, 2008-nji ýylda “Yug-Neftegaz Private Limited” we “Türkmennebit” Türkmenistanyň günbataryndaky skwažinalarda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek boýunça hyzmatlary hödürlemek barada şertnama baglaşypdyrlar. 2020-nji ýylyň başyna çenli... Читать дальше...

Türkmenistanda aýal-gyzlara $3 ‘sowgat’ berler

Azathabar.com 

Türkmenistanda Halkara zenanlar güni mynasybetli 60 manat pul sowgatlary gowşurylar. Bu baradaky degişli görkezmä prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 27-nji fewralda gol goýdy. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň resmi kursy boýunça $17, gara bazaryň kursy boýunça hem $3 möçberindäki pul serişdesi – türkmen metbugatynyň sözleri bilen aýdylanda “Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgat” hökmünde – 2020-nji ýylyň 1 – 6-njy marty aralygynda gowşurylar. Resmi habarda aýdylmagyna görä, bu pul sowgady eýeçiliginiň görnüşine garamazdan... Читать дальше...

Idlibde 33 türk esgeri öldürildi; Ankara ar aljakdygyny aýdýar

Azathabar.com 

Türkiýe Siriýanyň demirgazyk-günbatarynda Russiýa tarapyndan goldanylýan siriýa hökümet güýçleriniň howa zarbasy netijesinde azyndan 33 esgeriniň ölendigini aýtdy. Bu Anakara bilen Damaskyň ýarany Moskwanyň arasyndaky dartgynlylyklary artdyrdy. Türkiýäniň Siriýa bilen serhedinde ýerleşýän Hataý welaýatynyň häkimi Rahmi Doganyň 28-nji fewralda beren maglumatyna görä, sebitiň keselhanalarynda Idlib welaýatyna edilen howa hüjüminde ýaralanan 32 türk esgeri bejergi alýar. Hüjüme jogap edip, türk... Читать дальше...

Tähranda juma namazlary ‘ýatyryldy’

Azathabar.com 

Eýranyň paýtagty Tähranda, koronawirusyň ýaýramak howpy sebäpli, juma namazlary ýatyryldy. Bu barada resmi media maglumat berýär. Bu aralykda, soňky günüň dowamynda ýurtda wirusa täze 100-den hem aşa adamyň, şol sanda Eýranyň aýallar we maşgala boýunça wise-prezidenti Masoumeh Ebtekaryň hem ýolugandygy tassyklandy.   Mundan öň, 25-nji fewralda Eýranyň saglyk ministriniň orunbasary Iraj Harirşiniň hem COVID-19 wirusy bilen keselländigi mälim edildi. Harirşä wirusyň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça çäreleri görmek tabşyrylypdy. Читать дальше...

Bosgunlykdaky täjik oppozisiýasy awstriýa resmilerini täjik raýatyny ekstradisiýa etmezlige çagyrdy

Azathabar.com 

Bosgunlykdaky täjik oppozisiýa aktiwistleri Awstriýanyň hökümetine ýüzlenip, täjik raýatyny Duşenbä ekstradisiýa etmezlige çagyrdy. Yzyna dolansa onuň gynamalara we adalatsyz suda duçar bolup biljekdigi duýduryldy. Täjik syýasy aktiwisti Waýsaiddin Odinaýewiň 27-nji fewralda Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, 29 ýaşly Hizbullo Şowalizoda mundan bir ýyl ozal Awstriýa gelipdir. Emma, ol arza bilen ýüz tutsa-da, bu ýerde bosgunlyk statusyny alyp bilmändir. Munuň deregine, ol 22-nji ýanwarda tussaglyga alnypdyr. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Потапова и Павлюченкова вышли в полуфинал турнира WTA в Мадриде в парном разряде






«Авангард» укрепил защиту, у «Торпедо» новый менеджер. Главные трансферы дня КХЛ

Третья по силе магнитная буря за 2024 год началась в России

Мощная магнитная буря может создать северное сияние над Москвой

Обвалилась кровля На горящем заводе в Москве удалось локализовать огонь