Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2020

Новости за 26.02.2020

Aşgabadyň ýol gözegçilik polisiýasy ýene-de zenanlary 'awlaýar'

Azathabar.com 

Türkmenistanyň ýol gözegçilik polisiýasy ýene-de zenan sürüjileri köpçülikleýin saklap başlady. Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary köçelerdäki reýdleriň soňky birnäçe günde aktiwleşendigini, zenanlara dürli bahanalar bilen sürüjilik şahadatnamalaryny ellerinden almak haýbatynyň atylýandygyny habar berýärler. "Indi birnäçe gün bäri polisiýa zenan sürüjileri terror edýär. Her bir ädimde saklaýar, ähli zatdan bahana gözleýär" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 26-njy fewralda aýtdy.      Onuň sözlerine görä... Читать дальше...

Türkmen hökümedi döwlet serhetlerini ýapdy, koronawirusy ilkinji gezek resmi derejede agzap, ýurtda kesellänleriň ýokdugyny aýtdy

Azathabar.com 

Türkmenistanyň ýolbaşçysy dünýä ýaýran howply koronawirus keselini ilkinji gezek resmi derejede agzady we ýurtda koronawirus bilen bagly kesellänleriň hasaba alynmandygyny mälim etdi. Munuň bilen bir wagtda-da, Türkmenistan goňşy ýurtlary bilen serhetlerini ýapdy. Şu günki gün türkmen-owgan serhedi ýapyldy.

Koronawirusa ýolugýanlaryň sany artýar

Azathabar.com 

Dünýäniň 30-dan gowrak döwletinde koronawirusa täze ýoluganlaryň üstüniň açylandygy habar berilýär. Bu sebäpli, wirusyň ýaýramagynyň öňüni almak tagallalarynyň netije bermändigi baradaky howatyrlanmalar artýar. Wirusa kesellänler esasan, onuň ýaýrap başlan sebiti bolan Hytaýda, şeýle-de Ýaponiýada, Günorta Koreýada, Italiýada we Eýranda ýerleşýär. Braziliýanyň saglyk ministrliginiň 26-njy fewralda beren maglumatyna görä, ýakynda Italiýa sapar eden Sao Paolonyň raýaty wirus bilen keselläp-kesellemändigi boýunça barlagdan geçirilýär. Читать дальше...

Özbegistanda ýokary derejeli ozalky iki resmä höküm çykaryldy

Azathabar.com 

Özbegistanda iki sany ýokary derejeli ozalky resmä korrupsiýa aýyplamalary bilen baglylykda höküm çykaryldy. Özbegistanyň Ýokary sudunyň 25-nji fewralda beren maglumatyna görä, ýurduň Döwlet howpsuzlyk gullugynyň ozalky başlygy Ihtiýor Abdullaýew 18 ýyl möhlet bilen türme tussaglygyna höküm edilipdir. Ol jenaýat toparyny esaslandyrmakda, para almakda, wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanmakda, şahsy emlägi öz haýryna geçirmekde we beýleki jenaýatlarda günäli tapyldy. Mundan başga-da... Читать дальше...

Berdimuhamedow koronawirus bilen göreşmäge görkezme berdi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda koronawirusyň ýaýramagyna garşy görülýän çäreler barada degişli resmiler bilen iş maslahatyny geçirdi. 25-nji fewraldaky maslahata Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň başlygy Pürli Agamyradow, şeýle-de saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Nurmuhammet Amannepesow gatnaşdy. Resmi maglumata görä, ýurtda howpsuzlygy üpjün etmek üçin degişli gözegçilik hem-de daşary ýurtlardan gelýän raýatlary lukmançylyk gözegçiligine almak çäresi ýola goýulypdyr.

ABŞ Owganystandaky prezidentlik saýlaw dawalaryny “gazaplylyga baş goşmazdan” çözmäge çagyrdy

Azathabar.com 

ABŞ-nyň döwlet departamenti Owganystandaky ýakynda yglan edilen prezidentlik saýlawlary bilen bagly dawalaryň “gazaplylyk haýbatlary” bilen däl-de, konstitusion we kanuny esaslarda çözülmelidigini aýtdy. Geçen hepde Owganystanyň Garaşsyz Saýlaw Komissiýasy 28-nji sentýabrda geçirilen saýlawlarda prezident Aşraf Ganiniň ikinji möhlete saýlanandygyny yglan edipdi. ABŞ Owganystanda hökümetiň “Talyban” jeňçi topary bilen mümkin parahatçylyk gepleşikleri bilen baglylykdaky “milli çarçuwany” ylalaşmak üçin... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Касаткина проиграла Путинцевой и не смогла выйти в 1/4 финала турнира WTA в Мадриде






Сергей Лёвкин: продолжается прием заявок на конкурс «Лучший реализованный проект в области строительства»

Собственные доходы Долгопрудного за 3 месяца 2024 года превысили 500 млн рублей

Экс-игрок "Спартака" Ещенко: вся команда друг друга дополняет

Свыше 3 млн человек побывали в парках Подмосковья за 10 дней