Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Апрель
2021

Новости за 11.04.2021

Erdogan Zelenski bilen duşuşyp, gündogar Ukrainadaky ýagdaýlaryň 'aladalydygyny' aýtdy

Azathabar.com 

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan 10-njy aprelde Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski bilen duşuşandan soň, gündogar Ukrainanyň Donbas sebitindäki alada döredýän hereketleriň bes edilmegine çagyrdy. Ozaldan planlaşdyrylan we Stambulda üç sagatdan gowrak dowam eden duşuşyk gündogar Ukrainada uzak wagt bäri dowam edýän konflikt sebäpli Kiýew bilen Moskwanyň arasyndaky dartgynlyklaryň ýokarlanan wagtyna gabat geldi. Zelenski bilen bilelikde geçirilen metbugat ýygnagynda çykyş eden Erdogan... Читать дальше...

Kärdeşler arkalaşyklary nädip işgärlerden pul ýygnaýan toparlara öwrüldi?

Azathabar.com 

Kärdeşler arkalaşygy guramasynyň işgäri diýlende esasan işgärlerden pul ýygnaýan adamlar göz öňüne gelýär, ýöne olaryň döredýän kynçylyklary diňe maşgala agzalarynyň, hususan-da çagalaryň we garrylaryň agzyndan kesilip alynýan pullar bilen hem gutarmaýar diýip, 55 ýaşly işgär aýtdy.

Täjigistanda bir aýal maşgala dawasyndan soň üç çagasyny we özüni asdy

Azathabar.com 

Täjigistanyň Penjikent sebitiniň Neknot obasynyň ýaşaýjylary 10-njy aprelde Kulak kölüniň golaýynda dört sany jesedi "agaçdan asylan" halda tapdy. Neknot obasynyň birnäçe ýaşaýjysynyň aýtmagyna görä, bular 32 ýaşly Şahlo Şaripowanyň we onuň üç çagasynyň - 6 ýaşly Muhammetžonyň, 4 ýaşly Şahnozanyň we 8 aýlyk Aminanyň jesetleri bolup çykdy. Ozodi radiosynyň, Azatlygyň Täjik gullugynyň söhbetdeşleri bu aýalyň ilki çagalaryny asyp, soň bolsa öz janyna kast edendigini gürrüň berdiler. “Şu gün Neknot Boloda baýramçylyk boldy. Читать дальше...

Öldürilen 'gelinlik' sebäpli Bişkek polisiýasynyň başlygy wezipesinden boşadyldy

Azathabar.com 

Gyrgyzystandaky gelin alyp gaçmak praktikasy netijesinde bir gyzyň öldürilmegi sebäpli turan jemgyýetçilik gahar-gazabyndan soň Bişkegiň polisiýa başlygy wezipesinden boşadyldy, onlarça ýokary derejeli ofisere çäre görüldi. Içeri işler ministrligi 10-njy aprelde Bişkegiň polisiýa başlygy Bakyt Matmusaýewi hem-de paýtagtyň ýokary derejeli polisiýa ofiserleriniň üçüsiniň wezipesinden boşadylandygyny, 40 polisiýa işgärine käýinç berlendigini aýtdy. Gazaba ýykan protestçiler şu hepdäniň başynda 27... Читать дальше...

Birmanyň harby basyp ýatyrmalarynda 80-den gowrak adam öldürildi

Azathabar.com 

Demokratiýa tarapdar protestçilere garşy geçirilen soňky basyp ýatyrmalar wagtynda Birmanyň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan 80-den gowrak adam öldürildi. 1-nji fewralda bolan harby agdarylyşykda raýat lideri Aung San Su Çi häkimiýetden çetleşdirileli bäri tutuş ýurt nägilelige gaplanyp, Mýanma diýlip hem atlandyrylýan Günorta-Gündogar Aziýa döwletinde zorlukly wakalaryň möwjemegine sebäp boldy. Soňky gan döküşlikde howpsuzlyk güýçleriniň Ýangonyň golaýynda ýerleşýän Bago şäherinde protestçileri oka tutandygy habar berildi. Читать дальше...

Eýran Natanz ýadro desgasynda "hadysa” bolandygyny aýdýar

Azathabar.com 

Urany has çalt baýlaşdyrýan kämil sentrifugalary işe girizeninden bir gün soň, 11-nji aprelde Eýranyň Natanz ýadro desgasynda elektrik meselesiniň ýüze çykandygy habar berildi. Dünýä döwletleri bilen baglaşylan we çekeleşige düşen ýadro ylalaşygy baradaky gepleşikleriň arasynda bu Tähranyň iň ygtybarly goralýan ýerleriniň birinde bolan soňky hadysa boldy. "Bu hadysa adam pidasyna-da, howa hapalanmasyna hem sebäp bolmady" diýip, Eýranyň Ýadro energiýasy guramasynyň metbugat sekretary Behrouz Kamalwandi aýtdy. Читать дальше...

Gyrgyzystan prezidentligi güýçlendirjek konstitusiýa üýtgetmelerine ses berýär

Azathabar.com 

Teklip edilýän üýtgetmelere laýyklykda, prezident kazylary we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek hukugyna eýe bolar. Prezidente diňe bir möhlete saýlanmak ygtyýaryny berýän kanun ýatyrylyp, onuň bu wezipä ikinji möhlete hem saýlanyp bilmegi üçin kanuny mümkinçilik dörediler.


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Стефанос Циципас

Греческий теннисист Стефанос Циципас поблагодарил мать за советское воспитание






На пикниках держи себя в руках: как провести выходные без вреда для здоровья

Карлсон опубликовал интервью с экс-помощницей Байдена Тарой Рид

Будущий напарник Никулина горел в Т-34, а клоун Вяткин импровизировал под бомбами

Воробьев: наша главная задача — сохранить память о подвиге ветеранов