Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Апрель
2021

Новости за 22.04.2021

Ilat nobatlara girizilen gadaganlygy äsgermezlik edýär, polisiýadan boýun bolmadyklary saklamak talap edilýär

Azathabar.com 

Türkmenistanyň häkimiýetleri ilaty zerur azyk önümleri bilen üpjün etmek meselesini çözmeýär, ýöne ilata görkezýän basyşyny güýçlendirýär we dükanlarda nobatlaryň döremeginiň öňüni almaga synanyşýar. Azatlygyň habarçylarynyň we çeşmeleriniň soňky maglumatlaryna görä, dükanlaryň öňünde nobatda duranlar tussag edilip başlanypdyr.

Ýene pul ýygnalýar. Ýokardan gelýän bikanun buýruga 'ýok' diýýän ýok

Azathabar.com 

Bilim almak hukugy raýatlaryň esasy we aýrylmaz konstitusion hukuklarynyň biri bolup, bilim ulgamyny we degişli durmuş-ykdysady şertleri döretmek arkaly, döwlet raýatlaryň bilim almaga bolan hukugyny üpjün edýär. Emma bu diňe kagyz ýüzünde şeýle. Sosial adalatsyzlyk käte biwagt ölüme hem getirýär.

Russiýanyň Krymdaky dikme häkimiýetleri ukrain içalysy diýilýäni tussag etdi

Azathabar.com 

Ukrainanyň Krym sebitindäki rus dikmeleri Kiýewe içalyçylyk etmekde güman edilýän bir rus raýatyny tussag etdi. 22-nji aprelde Sewastopol şäheriniň Lenin etrap kazyýeti “1998-nji ýylda doglan bir rus raýatynyň” dönüklikde güman edilip, tussag edilendigini we onuň azyndan 19-njy iýuna çenli deslapky tussaglykda saklanjakdygyny mälim etdi. Has ozal, günüň birinji ýarymynda, Russiýanyň Federal howpsuzlyk gullugy (FSB) Russiýanyň Gara deňiz floty barada gizlin maglumatlary Ukrainanyň harby aňtaw... Читать дальше...

Baýdeniň ermeni gyrgynçylygyny ‘genosid’ hökmünde ykrar etmegine garaşylýar – habarlar

Azathabar.com 

Prezident Jo Baýden Birinji jahan urşunda ermenileriň osman imperiýasy tarapyndan gyrylmagyny genosid hökmünde ykrar etmegi mümkin diýip, 21-nji aprelde media maglumatlarynda aýdyldy. Gyrgynçylygyň genosid atlandyrylmagy boýunça 100-den gowrak ABŞ kanun çykaryjysy çagyryş edýär. Baýdeniň ýeňiş gazanan noýabr prezidentlik saýlawlarynda wada beren bu ykrarnamasy esasan simwoliki ähmiýete eýe bolar, ýöne gyrgynçylygyň genosid atlandyrylmagynyň Türkiýäni gaharlandyrmagy mümkin. Bu bolsa iki NATO ýaranynyň... Читать дальше...

ABŞ-nyň Belarusa täze bellän ilçisi sürgündeki oppozisiýa lideri Tihanowskaýa bilen duşuşdy

Azathabar.com 

Awtoritar dolandyrjyy Alýaksandr Lukaşenka bilen rus prezidenti Wladimir Putiniň arasynda geçiriljek gepleşikleriň edil öň ýany, ABŞ-nyň Belarusa täze bellän ilçisi Julie Fişer (Julie Fisher) ýurduň sürgündäki oppozisiýa lideri Swýatlana Tihanowskaýa bilen duşuşdy. Duşuşyk 21-nji aprelde goňşy Litwanyň paýtagty Wilniýusda geçirildi. Ozal prezidentlige dalaş eden Tihanowskaýa awgustda geçirilen jedelli prezidentlik saýlawlarynda Lukaşenka ýeňiş öňe sürenden soňra, belarus häkimiýetleriniň basyşlary sebäpli Litwa göçüp barypdy. Читать дальше...

Hindistan dünýäde iň köp gündelik COVID-19 hadysasyny hasaba aldy

Azathabar.com 

Hindistan 22-nji aprelde soňky 24 sagadyň dowamynda 314,835 täze koronawirus wakasyny habar berdi. Bu san dünýäde bir günde hasaba alnan iň ýokary sandyr. Ýokanjyň ikinji tolkuny 1,3 milliard ilatly ýurdy global pandemiýanyň gyzgyn nokadyna öwürýär. Ýurtda ölüm sanlary hem rekord derejede ýokarlandy – bir günde koronawirusdan 2104 adam öldi. Keselhanalarda kislorod we beýleki medisina enjamlary ýetmezçilik edýär, hassahanalar köp sanly näsaga saglyk bejergisini berip bilmeýär. Ýerli media serişdeleri... Читать дальше...

Din azatlygy boýunça komissiýa Türkmenistany ýene 'aýratyn alada bildirilýän' ýurtlaryň hatarynda galdyrmagy teklip etdi

Azathabar.com 

ABŞ-nyň Halkara din azatlygy boýunça komissiýasy soňky hasabatynda başga-da dokuz ýurt bilen bir hatarda Türkmenistany din azatlygy boýunça ýene-de “aýratyn alada bildirilýän ýurtlaryň” hatarynda galdyrmagy maslahat berdi. Nobatdaky hasabatynda ABŞ-nyň halkara din azatlygy komiteti Türkmenistanda din azatlygynyň ýagdaýyna pes baha berdi we Birma, Hytaý, Demirgazyk Koreýa, Pakistan, Saud Arabystany we Täjigistan bilen bir hatarda Türkmenistanyň ýene bir gezek “aýratyn alada bildirilýän” ýurtlaryň hatarynda saklanyp galynmagyny teklip etdi. Читать дальше...

Halkara din azatlygy komissiýasy Türkmenistany ýene bir gezek 'aýratyn alada bildirilýän' ýurtlaryň hatarynda galdyrmagy teklip etdi

Azathabar.com 

ABŞ-nyň Halkara din azatlygy boýunça komissiýasy soňky hasabatynda başga-da dokuz ýurt bilen bir hatarda Türkmenistany din azatlygy boýunça ýene-de “aýratyn alada bildirilýän ýurtlaryň” hatarynda galdyrmagy maslahat berdi. Nobatdaky hasabatynda ABŞ-nyň halkara din azatlygy komiteti Türkmenistanda din azatlygynyň ýagdaýyna pes baha berdi we Birma, Hytaý, Demirgazyk Koreýa, Pakistan, Saud Arabystany we Täjigistan bilen bir hatarda Türkmenistanyň ýene bir gezek “aýratyn alada bildirilýän” ýurtlaryň hatarynda saklanyp galynmagyny teklip etdi. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Свентек переиграла Соболенко и выиграла титул WTA в Мадриде






Годовалая девочка отравилась наркотиками матери в Москве

Назначен руководитель Управления специальной связи

Алейник: Союз Беларуси и России вызывает зависть у Запада

ГИБДД объявила рейд на электросамокатчиков в Москве