Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Апрель
2021

Новости за 15.04.2021

Türkmenistanyň ilaty un paýoklaryna zar bolan wagty häkimiýetler alabaýlar üçin paýok girizmekçi bolýar

Azathabar.com 

Şu günler Marynyň ýaşaýjylary öý haýwanlary üçin weterinariýa kitaplaryny taýýarlamaga howlugýarlar. Şahadatnamalary gyssagly almak tagallalary, türkmen alabaý itleriniň eýelerine goşmaça azyk paýogynyň berilip başlandygy baradaky habarlar bilen baglanyşykly. Bu barada habar berýän Azatlyk Radiosynyň habarçylary bu aýdylýan täzelikleriň käbir jikme-jikliklerini anykladylar.

Baýden we Merkel Orsýetiň ukrain serhedine goşun çekmegini maslahatlaşdy

Azathabar.com 

Germaniýanyň goranmak ministri Annegret Kramp-Karrenbauer Orsýeti serhet ýakasyndaky dartgynlygy ýokarlandyrmaga synanyşmakda günäkärlese, Merkezi aňtaw gullugynyň müdiri William Burns ABŞ-nyň Senat komitetine Birleşen Ştatlar we onuň ýaranlary serhetde goşun toplanmagyna çynlakaý garamaly diýdi.

Maryda gözegçilik işleri güýçlendi. Etrap 'taksileri' şäherden kowulýar

Azathabar.com 

Ýurtdaky işsizleriň ýyl-ýyldan köpelmegi öz awtoulagynda kireý edýän adamlary hem köpeltdi. Netijede, ozal sebitlerden gelýän awtoulaglaryň Aşgabada girmek mümkinçilikleri çäklendirilen bolsa, indi sebit paýtagtlaryny etraplardan, oba ýerlerinden gelýän awtoulaglardan saplamak "meselesi" döredi.

ABŞ-da maslahat beriji topar J&J waksinasynyň ulanylmagy barada karar bermezden ozal, gan lagtalanmalary boýunça has köp maglumat isleýär

Azathabar.com 

ABŞ-da Johnson & Johnson (J&J) tarapyndan işlenip düzülen COVID-19 waksinasyny kabul eden az sanly adamda ýüze çykan gan lagtalanmalaryny barlaýan bir maslahat beriji sagyk topary gan lagtalanmalarynyň sanjym bilen baglanyşyklydygy ýa-da däldigi barada karar kabul etmezden ozal, has köp maglumat isleýär.    Maslahat beriji toparyň 14-nji aprelde alan karary J&J waksinasynyň Birleşen Ştatlarda häzirlikçe ulanylmazlygynda galjakdygyny aňladýar. Bu karar ABŞ düzgünleşdirijileri sanjymyň... Читать дальше...

Panniýer: Berdimuhamedow özünden soň maşgalasynyň we režiminiň saklanyp galmagyny kepillendirmek isleýär

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, 14-nji aprelde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji çagyryşynyň mejlisiniň dowamynda, Halk Maslahatynyň, ýagny parlamentiň ýokarky palatasynyň başlygy wezipesine saýlandy. Ýöne Türkmenistanyň Konstitusiýasy prezidente Halk Maslahatyna agzalygy we Mejlise deputatlygy gadagan edýär. Şol bir wagtda, Konstitusiýa görä, prezident ýarawsyzlyk sebäpli öz wezipesini ýerine ýetirip bilmese, täze prezident saýlanylýança onuň ygtyýarlyklary Halk Maslahatynyň başlygyna berilýär. Читать дальше...

Gyrgyz güýç dellaly Matraimow deslapky tussaglykdan boşadyldy, oňa garşy açylan iş ýapyldy

Azathabar.com 

Ýüzlerçe million dollaryň daşary ýurtlara bikanun çykarylmagyna gatnaşygy sebäpli ABŞ-nyň Magnitskiý sanksiýalary sanawyna goşulan gyrgyz gümrük gullugynyň başlygynyň öňki jedelli orunbasary Raimbek Matraimow deslapky tussaglykdan boşadyldy, oňa garşy pul ýuwmak bilen bagly açylan iş ýapyldy. Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komiteti (UKMK) 15-nji aprelde derňewçileriň daşary ýurtlarda Matraimowa ýa-da onuň maşgala agzalaryna degişli nagt pul ýa-da gozgalmaýan emläk tapmandygyny, şol... Читать дальше...

Baýden ABŞ harbylarynyň 11-nji sentýabra çenli Owganystandan çekiljekdigini yglan etdi

Azathabar.com 

Prezident Jo Baýden ABŞ goşunlarynyň 11-nji sentýabra çenli Owganystandan çekilmegi barada beren kararyny yglan etdi. 11-nji sentýabrda Al-Kaýdanyň Birleşen Ştatlara eden terror hüjümlerine 20 ýyl dolýar. Bu hüjümler konflikti tutaşdyrypdy. “Amerikanyň iň uzaga çeken söweşini soňlandyrmagyň wagty geldi” diýip, Baýden 14-nji aprelde Ak tamda eden çykyşynda aýtdy. “Amerikan harbylary üçin öýe dolanmagyň wagty geldi” diýip, ol aýtdy. Baýden Owganystanda galan 2500 ABŞ harbysyny çekmek işleriniň 1-nji maýda başlanjakdygyny aýtdy. Читать дальше...

Baýden we Merkel Russiýanyň Ukraina serhedindäki harby işjeňligini maslahat etdi

Azathabar.com 

ABŞ prezidenti Jo Baýden we german kansleri Angela Merkel Ukraina serhediniň ýakasynda Russiýanyň goşunlaryny azaltmagyň sebitde dartgynlylygy gowşatmaga ýardam edip biljekdigi barada ylalaşdy diýip, Merkeliň edarasy beren beýanatynda aýtdy. Iki lider 14-nji aprelde telefonda gürleşenden soňra, german hökümetiniň metbugat sekretary Steffan Seitbert “Merkel we Baýden ýagdaýy gowşatmak üçin Russiýadan serhede üýşüren iň soňky goşunlaryny çekmegi talap etmegiň zerurdygy barada ylalaşdy” diýdi. Soňky suratlar... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Елена Рыбакина

«Был риск завершить борьбу еще в первом матче». В России оценили победу Рыбакиной в Штутгарте






Два населенных пункта в Ступине в субботу останутся без света

Столичные косметические компании заключили контракты с партнерами из 16 дружественных стран

Концентрация песка в воздухе Москвы возвращается к нормальным значениям

Редкий формат загородного жилья появится в Покровском-Стрешнево