Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2019

Serhetsiz reportýorlar guramasy Pakistanyň premýerini metbugat azatlygynyň goragyna çagyrýar

0
Serhetsiz reportýorlar guramasy Pakistanda metbugat azatlygy derejesiniň “howsalaly ýagdaýda aşak gaçandygyny” aýtdy we premýer-ministr Imran Hany bu ýagdaýy düzetmek üçin gyssagly çäre görmäge çagyrdy.


Metbugat gözegçiligi guramasy Hanyň golaýda Waşingtona eden saparynda metbugat azatlygynyň çäklendirilendigi baradaky gürrüňleri “degişme” atlandyrmagy bilen ylalaşmady we ýurtda metbugat azatlygynyň ýaramazlaşandygyny görkezýän soňky wakalaryň birnäçesine ünsi çekdi.


“Bu “degişmede” siziň ýurduňyzdaky žurnalistler üçin hiç bir gülkünç zat ýok” diýip, 31-nji iýuldaky beýanatda aýdylýar.


“Bu siziň ýagdaýdan örän habarsyzdygyňyzy görkezýär, eger şeýle bolsa, onda siz töweregiňizdäki adamlary derrew täzelemeli, ýa-da siz özüňiziň jogapkär bolan örän çynlakaý faktlaryňyzy bile-göre ýaşyrmak isleýärsiňiz” diýip, beýanatda aýdylýar.


Han häkimiýete 2018-nji ýyldaky saýlawlardan soň, ýokary derejeli resmileri uly derejede korrupsiýada we Pakistanyň ykdysadyýetini nädogry dolandyrmakda aýyplap geldi. Emma ol şondan bäri harbylaryň metbugat azatlygyny çäklendirmeginiň öňüni alyp bilmezlikde tankyt edilýär.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса